Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan – baýramçylyklar ýurdy


Türkmenistanda bir ýylyň dowamynda 33 baýramçylyk senesi bar. Eger olaryň üstüne halkara senelerini-de goşsaň, onda Türkmenistanda bellenip geçilmeli baýramçylyklaryň sany 45-e ýetýär. Bu-da hemmesi däl. Pudaklaýyn baýramçylyklaram bar. Şeýle bolansoň, her hepdede ýa-da hepdeaşa baýramçylyklar gelip dur.

Dynç alynýan baýramçylyklaryň kalendar belgileri:

1-nji ýanwar—Täze ýyl.
12-nji ýanwar—Hatyra güni.
19-njy fewral—Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni.
8-nji mart—Halkara aýal-gyzlar güni.
21-22-nji mart—Milli bahar baýramy.
9-njy maý— Ýeňiş güni.
18-nji maý— Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni.
6-njy oktýabr— Milli matam güni.
27-28-nji oktýabr—Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň güni.
12-nji dekabr—Bitaraplyk güni.
Gurban baýramy—üç gün.
Oraza baýramy—bir gün.

Kalendar boýunça dynç alynmaýan baýramçylyklar:

27-nji ýanwar— Watan goragçylarynyň güni.
Apreliň birinji ýekşenbesi—«Suw damjasy—altyn dänesi» baýramçylygy.
7-nji aprel—Bütindünýä Saglyk güni.
Apreliň soňky ýekşenbesi— Türkmen bedewiniň baýramy.
29-njy maý— Türkmenistanyň Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň güni.
Maýyň soňky ýekşenbesi— Türkmen halysynyň baýramy.
1-nji iýun—Çagalary goramagyň Halkara güni.
5-nji iýun—Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni.
Iýunyň birinji ýekşenbesi—Dokma senagaty işgärleriniň güni.
12-nji iýun— Ylymlar güni.
27-nji iýun—Medeniýet we sungat işgärleriniň güni.
Iýulyň üçünji ýekşenbesi—Galla baýramy.
11-nji awgust—Serhetçiler güni.
Awgustyň ilkinji ýekşenbesi—Türkmen gaawunynyň güni.
1-nji sentýabr— Bilimler we Talyp ýaşlar güni.
12-nji sentýabr—Ruhnama güni.
Sentýabryň ikinji şenbesi—Nebit-gaz, energetika, geologiýa pudaklarynyň işgärleriniň güni.
1-nji oktýabr—Ýaşulularyň Halkara güni.
Noýabryň soňky ýekşenbesi—Hasyl toýy.
Dekabryň birinji ýekşenbesi— Goňşokara baýramy.
21-nji dekabr—Türkmenistanyň ilkinji prezidenti S.Nyýazowyň Ýatlama güni.

Halkara seneler:


24-nji mart—Bütindünýä inçekesele garşy göreş güni.
Apreliň birinji hepdesi—Bütindünýä immunizasiýa güni.
12-nji maý— Şepagat uýalarynyň Halkara güni.
15-nji maý—Halkara maşgala güni.
31-nji maý—Çilimkeşlige garşy Bütindünýä göreş güni.
14-nji iýun—Gan donorynyň Bütindünýä güni.
26-njy iýun—Neşekeşlige garşy Halkara göreş güni.
11-nji iýul—Bütindünýä ilat güni.
21-nji iýul— «Saglyk» maksatnamasynyň yglan edilen güni.
Awgustyň birinji hepdesi—Ene süýdüniň milli hepdeligi.
Sentýabryň birinji hepdesi— Ene süýdüniň Butindünýä hepdeligi.
1-nji dekabr— AIDS-e (SPID) garşy Bütindünýä göreş güni.

Baýramçylyk köp bolsa, gowumy ýa-da erbet?

Baýramçylyk günleri, baýramçylyk günleriniň öň ýanyndaky günler býujet işgärleri, studentler, bagşy-sazandalar köp dürli çärelere, dabaralara, ylmy maslahatlara, konsertlere, sport ýaryşlaryna gatnaşmaly. Hemmeler daňdan sagat dörtde-bäşde turup gidip, «Saglyk ýolundan» geçmeli. Ýaşuly, ýaşkiçi, çagaly, göwreli, keselli, tapawudy ýok, hemmeler «Saglyk ýoluna» münüp–düşäýmeli. Hiç kime eglişik edilmeýär.

Şu çärelere gatnaşmadyklar döwletiň syýasatyna garşy hasap edilýär. Hatda olaryň çärelere gatnaşmakdan boýun towlaýanlary üçin işden çykarylýan halatlary-da seýrek bolmaýar. Eklenç-güzerany ýitirmekden gorkýan býujet işgärleri bu mejburylyga boýun bolýarlar. Ýogsa ýurduň kanunlaryna laýyklykda baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmadyklara çäre görülmelidigi hakda punkt ýok.

Köp bolsa, gowy zadam ýürege düşýär. Hasam esasy baýramçylyklar ýadadýar. Mysal üçin, Garaşsyzlyk baýramçylygyny alyp göreliň. Bu baýramçylyga bir aý öňünden taýýarlanylýar. Her günki yzygiderli türgenleşikler okuwçylar bilen talyplary okuwdan goýýar, transport gatnawyna uly päsgelçilik döredýär, işlini işden goýýar.

Dogrusyny aýtsaň, ýurtda geçirilýän san-sajaksyz baýramçylyklar halkyň ysgynyny aldy. Her hepdede bir baýramçylyk. «baýramçylyk» diýilse, «Menem gitjek» diýip duran çagalaram indi baýramçylyga gitmejek bolup, dürli bahanalar arap, ondan gaçmak bilen bolýarlar.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçy. Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG