Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Aşgabat bilen gepleşiklerden umytly


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) ÝB-niň daşary gatnaşyklar boýunça komissary Benita Ferrero Waldner bilen Brýusselde duşuşýar, 5-nji noýabr, 2007-nji ýyl.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) ÝB-niň daşary gatnaşyklar boýunça komissary Benita Ferrero Waldner bilen Brýusselde duşuşýar, 5-nji noýabr, 2007-nji ýyl.

Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýy babatda Ýewropa Bileleşiginiň alyp barýan syýasaty babatda Ýewropa Komissiýasynyň Daşary gatnaşyklar boýunça edarasynyň metbugat wekili Kristian Hohmann bilen Azatlyk Radiosyndan Myrat Nurgeldi söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Hanym Hohmann, Türkmenistanyň öňki prezidenti Nyýazowyň ýurda ýolbaşçylyk eden ýyllarynda türkmen häkimiýetleri ýurdy açmaýanlyklary sebäpli uzak wagtlap tankyt edildiler. Ýurduň başyna täze hökümet geçenden soň, halkara jemgyýetçiligi we günbatar hökümetleri Türkmenistanda syýasy reformalaryň geçiriljekdigine umyt etdiler. Ýurtda soňky aýlaryň dowamynda bolup geçen wakalar, ýagny käbir studentleriň ýurtdan goýberilmän saklanylmagy, syýasy äheňli tussag edişlik we metbugatyň üstündäki gözegçiligiň güýçlendirilmegi köpleriň lapyny keç etdi. Indi şu ýagdaýda Ýewropa Komissiýasy türkmen hökümetinden pozitiw we anyk ädimleri berk talap etmeli diýýän halkara synçylar bilen ylalaşýaňyzmy?

Kristian Hohmann
Kristian Hohmann:
Ilki bilen bir zady nygtap geçmäge rugsat ediň. Biz Türkmenistandaky ýagdaýlary ýakyndan synlap gelýäris. Sebäbi bu ýurt ýyllar boýy awtoritar režim bilen dolandyrylyp geldi. Biz şuňa hem düşünýäris: syýasy reformalaryň ýol almagy üçin wagt gerek. Syýasy reformalar boýunça türkmen häkimiýetleriniň indiki ädimleri ätmegine itergi bermek üçin biz olar bilen açyk syýasy gepleşikleri dowam etmäge taýýar. Şol sebäpli biz adam hukuklaryny goramaga goldaw bermek maksady bilen bu mesele boýunça ýardam beriş çärelerini başlatdyk. Munuň bilen birlikde, Türkmenistanda raýat jemgyýetçiliginiň işläp bilmegi üçin goldaw bermäge çalyşýarys.

Azatlyk Radiosy: Ýewropa Parlamenti şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistan bilen wagtlaýyn söwda ylalaşygyny tassyklady. Türkmenistan özüne gerek zady aldy, ÝB bolsa ony yzyna aljaga meňžänok diýen pikirler öňe sürülýär. Şu nukdaý nazardan seredenimizde, şol ylalaşyk kabul edilenden soň ÝB Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýyna täsir etmek üçin has gowy orny eýeledi diýip bolarmy?

Kristian Hohmann: Gol çekişilen wagtlaýyn söwda ylalaşygy biziň üçin esasy öňegidişlik boldy. Siz muňa esasan söwda nukdaý nazaryndan garaýaňyz. Emma munuň içine syýasy gepleşikler hem girýär. Adam hukuklaryny hem öz içine alýan şol gepleşikler ýola goýuldy we öz netijesini berer. Söwda we beýleki möhüm ugurlar hem maslahat edilýär. Şol sebäpli wagtlaýyn söwda ylalaşygynyň şu ýylyň ahyryna çenli güýje girjekdigine umyt edýäris. Şeýle hem türkmen hökümeti bilen syýasy ugurlar boýunça işleşmek babatda ýola goýan sistemamyz bar.

Azatlyk Radiosy: Häzirki wagtda Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyna gözegeçilik etmek we halkara borçnamalaryny berjay etmek boýunça türkmen hökümetiniň mümkinçiliklerini ölçemek üçin ÝB nähili sistemany ulanýar?

Kristian Hohmann: Birinjiden, ýaňy hem belläp geçişim ýaly, wagtlaýyn söwda ylalaşygynyň çäginde ýola goýlan dowamly dialog bar. Şeýle hem 2007-nji ýyla dolansak, şol ýyl ÝB Merkezi Aziýa boýunça syýasy strategiýasyny kabul edipdi. Şol strategiýanyň çäginde biziň degişli ýurtlar bilen ikitaraplaýyn ylalaşyklarymyz we adam hukuklary boýunça gepleşiklerimiz bar. Türkmenistan hem muňa gatnaşýar. Biz eýýäm şol gepleşikleriň iki tapgyryny geçirdik. Biziň pikirimizçe, bu diňe bir her bir döwletiň özi üçin peýdaly bolman, bilelikdäki sessiýalaryň hem geçirilýändigine seredeniňde, tutuş region üçin hem bähbitlidir.

Şeýlelikde biziň häzirki wagtda ýola goýan syýasy gepleşiklerimiz bar, ýaňy hem belläp geçişim ýaly adam hukuklary boýunça çärelermiz we programmalarymyz bar. Şeýle hem biz öňümizdäki ýylyň başlarynda Aşgabatda raýat jemgyýetçiliginiň duşuşygyny geçirmegi göz öňüne tutýarys.

Azatlyk Radiosy: Türkmen hökümeti ýewropa kompaniýalaryny ýurtda maýa goýmaga çagyryp gelýär. Günbatar inwestorlary häzirlikçe o diýen isleg bildirmeseler-de, olar geljekde Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýyny gözden salyp, uly maýa goýumlary goýup bilerler diýip halkara jemgyýetçiligi alada bildirýär. Şu meseleler boýunça ýewropa kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin Ýewropa Komissiýasynyň nähili strukturasy bar?

Kristian Hohmann:
Ýaňy hem belläp geçişim ýaly, biziň maksadymyz türkmen hökümetiniň ýurtda adam hukuklaryna hormat goýmagyna itergi bermek üçin syýasy gepleşiklerden peýdalanmak, kompaniýalaryň kömeginden däl. Elbetde, kompaniýalar ýurtdaky ýagdaýlara serederler. Emma biziň sayýasatçylar hökmünde syýasy wezipämiz hökümet bilen gatnaşykda bolmak we raýat jemgyýetçiligini güýçlendirmek.
XS
SM
MD
LG