23-nji noýabrda eden çykyşynda Klinton Saýlaw kanuny hakynda Bagdatda jedeliň barýandygyny nazara alanyňda, saýlaw resmileriniň, saýlaw bölümlerini döretmäge möhletiň örän az bolup biljegini mälim etdi.
Yrakdaky käbir resmiler, eger saýlaw kanuny hakyndaky jedeller tiz çözülmedik ýagdaýynda saýlawlaryň fewrala çenli gaýra süýşürilip bilinjegini aýdýarlar.
Yragyň saýlaw komissiýasynyň başlygy Faraj al-Haidari şu duşenbe günki çykyşynda: «Saýlawalaryň ýanwarda geçirilmegi kyn bolar diýip oýlanýaryn, onuň fewrala süýşürilmegi ähtimal» diýdi.
Yragyň konstitusiýasy boýunça saýlawlar ýanwar aýy soňlanmazdan öň geçirilmeli. Diňe konstitusiýa üýtgetmeler girizilen ýagdaýynda saýlaw başga bir wagta süýşürilip biliner, ýöne esasy kanuna üýtgetmeler girizmek - kyn hem uzak prosesi talap edýär.
Saýlaw kanunynda sünni wise-prezidentiň şaýylaryň we kürtleriň köpçülik bolup durýan parlamentinde bar bolan ygtyýarlyklary hakynda jedeller barýar.
Ilkinji saýlaw kanunyna weto goýuldy
Wise-prezident Tarek el-Haşemi şu aý kabul edilen ilkinji saýlaw kanunyna weto goýdy, muňa sebäp edip ol bu kanunda ýurduň daşynda ýaşaýanlara wekilçiligiň ýokdugyny sebäp edip görkezdi. Çaklamalara görä iki million yrakly ýurduň daşynda - aglaba sünnüler tarapyndan dolandyrylýan Iordaniýa we Siriýa ýaly döwletlerde ýaşaýar.
Haşeminiň bu kanuna weto goýandygyna garamazdan, 23-nji noýabrda onuň üýtgetmeler girizmek hakyndaky tekliplerini ret eden parlament, saýlaw kanunynyň täze görnüşini makullady. Haşemi daşary ýurtlarda ýören yraklylara parlamentde wekilçilik etjek ýörite ornuň döredilmegini teklip edipdi. Parlament bolsa muny ret etdi, onuň ýerine bosgunlaryň sesleri öz welaýatlarynda hasaba alnyp bilinjegini parlament mälim etdi.
Azatlyk Radiosynyň Yrak gullugyndan Moaýýet Haidari Haşemi ýurduň daşynda ýaşaýan yraklylaryň hasaba alynmalydygyny hem-de parlamentde orunlaryň ilat sanyna görä kesgitlenmelidigini öňe sürýär diýdi.
Ol şeýle demirgazyk Yrakda ýaşaýan türkmenler bilen Kerkuk şäheriniň statusynyň biri-birinden aýrylmaz meseledigini we onuň bile çözülmelidigini-de sözüne goşdy.
Kürtleriň islegi boýunça parlamentdäki orunlaryň paýlanyşygy welaýtlardaky ilat sanyna görä bolmaly. 2005-nji ýyldan bäri ilat sanynyň 2,8% ösendigi, söwda ministrliginiň ýaýradan statistiki maglumatyna salgylanylyp habar berilýär. Sünnüler bolsa 2009-njy ýyldaky sanyň hasaba alynmalydygyny öňe sürýärler.
Parlamentdäky orunlaryň sany 275-den 320-ä çenli artdyryljak. Kabul edilen saýlaw kanunynyň soňky görnüşinden nägilelik bildiren käbir sünni toparlar saýlawlary boýkot edip biljekdiklerini aýdýarlar.