Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň nobatda hökumet maslahaty geçirildi


Düýn Aşgabatda nobatdaky hökumet maslahaty geçirildi. Bu maslahatda hökumet başlygynyň orunbasarlary we käbir beýleki ýokary derejeli resmiler öz dolandyrýan pudaklary barada ýörite hasabat bilen çykyş etdiler.

Hususan-da, onda Parlamentiň başlygynyň ýakynda Eýran Yslam respublikasyna eden saparynyň jemleri, Türkmenistanyň prezidentiniň Italiýa eden resmi saparynyň jemleri, «Türkmenistanda aýlyk haklaryny, pensiýalary, döwlet posobiýalaryny we studentleriň stipendiýalaryny ýokarlandyrmak baradaky» permanyň proýektini taýýarlamak boýunça alnyp barlan işler, GDA döwletleri boýunça oba-hojalyk önümlerini öndürijileriň şu hepde Aşgabatda geçiren forumy we onuň jemleri, Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabatlar berildi.

Şu hökümet maslahatynda hem prezident Berdimuhammedow Orsýetiň prezidentiniň çakylygy boýunça özüniň 29-njy noýabrda Moskwa sapar etjekdigini mälim etdi.

Şeýle saparyň planlaşdyrylýandygy barada mundan öň resmi Türkmenistan hiç hili maglumat ýaýratmandy.
XS
SM
MD
LG