Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nemes konslagerinde sakçy bolanlykda günä bildirilýäne sud diňlenişigi başlandy


Şu gün Ikinji Jahan urşy ýyllarynda faşistik Germaniýa degişli konslagerde sakçy bolup işlänlikde günä bildirilýän Jon Demýanýukyň işi boýunça Mýunhen şäherinde sud diňlenişigi başlandy.

Munuň özi nemes nasistleriniň işi bilen baglanyşykly geçirilýän iň soňky sud diňlenişiklerinden biri bolmagy mümkin diýlip hasaplanylýar.

89 ýaşly we asly gelip çykyşy Ukrainadan bolan Jon Demýanýuk Ikinji Jahan urşy ýyllarynda Polşanyň territoriýasyndaky Sobibor konslagerinde 28 müňe golaý ýewreý tussagynyň öldürilmegine ýardam berenlikde aýyplanylýar.

Jenap Demýanýuk Ikinji Jahan urşundan soň Birleşen Ştatlara gaçyp atypdy.
XS
SM
MD
LG