Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günägeçişlik problemanyň çözgüdimi?


12-nji dekabrda geçiriljek Bitaraplyk baýramy bilen bagly günäsi geçilen adamlaryň sanawy şu gün Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde doly çap edildi.

Bu gezekki amnistiýa 4 000 töweregi adam düşüpdir. Mundan ozal iň soňky gezek Türkmenistanda gadyr gijesi bilen bagly şeýle çäre yglan edilipdi. Şonda 1284 tussagyň azat edilenligi aýdylypdy.

Garaşsyz Türkmenistanyň taryhyna ser salanymyzda ýurtda bu hili günä geçişlikleriň wagtal-wagtal gaýtalanýanlygyna şaýat bolýarys. Her baýramçylykda müňläp tussag azat edilýär. Erkinlige göýberilen bendiler özleriniň gaýdyp ýaman ýola baş goşmajaklaryny aýdyp, toba edýärler we olaryň bu çykyşlary hem türkmen telewideniýesinden uly ile görkezilýär.

Emma şeýle ökünçlere hemem her ýyl müňläp bendileriň azat edilmegine garamazdan, jemi ilat sany diňe 5 million çemesi bolan Türkmenistanda bu ýagdaýlar häli-şindi gaýtalanyp dur. Munuň sebäbi näme?

Bu soraga düýbi Londonda ýerleşýän Halkara Günägeçiş guramasy, ýagny Amnesty Internationalyň metbugat wekili Lydia Aroýa şeýle diýip, jogap berdi: “Jenaýat eden adamlar, elbetde, jezasyny çekmeli, emma biziň ýaly halkara guramalary alada goýýan zat, ilatyň öz pikirini beýan edenligi, käbir guramalara agza bolanlygy hemem dini ynançlary bilen bagly tussag edilmegidir. Şeýle-de sud diňlenşikleriniň syýasy äheňli geçirilýänligi barada hem biz alada edýäris. Sebäbi adalatly geçirilmedik diňlenişikler sebäpli-de ilat türmä basylýar".

100 müň adamdan 224-si türmede

Her gezek müňläp bendileriň boşadylmagyna garamazdan, tussaglaryň sanynyň azalýanlygy barada maglumat ýok, elbetde, olaryň sanynyň köpelýänligi barada hem aýdara esas ýok.

Düýbi Londonda ýerleşýän “Kings College” atly uniwersitetiň “Tussaglaryň ýagdaýlaryny Öwrenmek boýunça Halkara Merkeziniň” maglumatyna görä, häzirki döwürde Türkmenistanda tussaglaryň jemi sany 10 953 töweregidir.

Ady agzalýan guramanyň 2009-njy ýylyň ýanwar aýynda çap eden hasabatyna görä, bu san Türkmenistanyň her 100 müň raýatyndan 224-niň türmededigini aňladýar.

Amnesty International guramasynyň metbugat wekili Lydia Aroýo Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde türmä basylan adamlaryň ýagdaýy bilen bagly-da alada bildirdi.

Aroýo aýtmagyna görä, häzirki döwürde türmä basylanlary iki kategoriýä bölmek mümkin. Birinjisi, hakykatdan hem jenaýat edip türmä basylan adamlar, ikinjisi bolsa, syýasy sebäplerä görä türmä düşen adamlar diýip, ol sözüni şeýle dowam etdirdi: “Haýsydyr bir hökümetiň islendik mesele boýunça çäre görmegi we öz ygtýarlyklaryndan bikanun peýdalanan jogapkär işgärlerini jezalandyrmagy nukdaýnazardan ýurtda aç-açanlygyň bolmaklygy hökmänydyr. Türkmenistanda bolsa aç-açanlyk ýok, bu tussaghanalardaky ýagdaýlaryň hem oňyn däldigi barada pikir dörädýär. "Halkara Gyzyl Haç" ýaly guramalaryň ekspertleriniň bu ýurda barmaga rugsat edilmezligi hem alada döredýär”.

Halkara ekspertleriniň goýberilmezligi

Türkmenistan "Halkara Gyzyl Haç" komitetiniň gözegçilerine türmelere baryp görmäge rugsat etmän gelýän az sanly ýurtlardan hem biridir. "Halkara Gyzyl Haç" komitetiniň işgärleri soňky birnäçe ýylyň dowamynda ençeme gezek Türkmenistana bardylar we türmelere baryp görmek barada gepleşikleriň geçirilýänligini mälim etdiler. Emma geçirilen bu gepleşikleriň haýsydyr bir netije berip-bermeýänligi barada anyk maglumat ýok.

Halkara guramalar, şol sanda Amnesty International, Türkmenistanda aç-açanlygyň bolmazlygyny, halkara ekspertlerine bu ýurda barmaga rugsat edilmezligini, hem-de adamlaryň yzygiderli türmä basylyp, soňra prezidentiň permany bilen azat edilip durulmagyny bu ýurtda kanunçylygyň gowşakdygy bilen düşündirýärler. Olaryň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň adalat sistemasy hakyky reforma mätäç, kanunlar we olaryň amala aşyrylyşy halkara standartlara gabat getirilmelidir.

Indiki zerur ädimler

Elbetde, bu ugurda az-kem alada edilýänligini hem aýtmak mümkin. Meselem, ÝHHG ýaly guramalaryň gatnaşmagynda ýurtda yzygiderli iş seminarlary geçirilýär we Türkmenistanyň dürli pudaklary, şol sanda Adalat ministrliginiň işgärleri-de, şeýle çärelere gatnaşýarlar.

Emma “Amnesty International” guramasynyň wekili Lydia Aroýonyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, muňa ýagdaýy özgertmek üçin ädilen ilkinji ädim diýip, baha berip bolar, emma edilmeli işler entek köp.

"Kadrlary türgenleşdirmek möhüm bir ädimdir. Emma ikinji ädim bu çäräniň iş ýüzünde nähili amala aşyrylýanlygyna gözegçilik etmekdir. Şeýle-de türkmen ýolbaşçylary tarapyndan bu barada syýasy erk-islegiň bolmagy hem möhümdir, sebäbi kanuny depgilänleriň jogapkärçilige çekilmegi zerurdyr" diýip, Lydia Aroýo aýtdy.

“Amnesty International” guramasynyň wekiliniň aýtmagyna görä, öz gol goýan halkara dokumentlerini iş ýüzünde amala aşyrmagy üçin halkara guramalarynyň Türkmenistana basyş etmegi hem zerurdyr.

Ady agzalýan guramanyň wekili Lydia Aroýo Türkmenistanda ýagdaýlaryň gowulyga tarap özgermegi üçin Aşgabadyň adam hukuklary meselesinde düýpli reformalary geçirmelidigini, dini, söz we metbugat azatlyklaryna ýol bermelidigini hem nygtady.
XS
SM
MD
LG