Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki kommunistik ýurtlarda garyplyk ýokarlanýar


Bütindünýä Bankynyň täze raportynda global ykdysady durgunlykdan zyýan çeken ylaýta-da öňki kommunistik ýurtlar diýilýär.

Raportda aýdylyşyna görä, bu ýurltlaryň ençemesi "Demir tuty" aýrylansoň gazananlarynyň saldamly bölegini ýitiripdirler.

Bütindünýä Bankynyň Ýewropa we Orta Aziýa regionynda garyplygy aşaklatmak we ykdysady dolandyryş baradaky bölüminiň direktory Luka Barbonyň aýtmagyna görä, munuň sebäbi hem bu ýurtlaryň Günbatar ykdysadyýetini nusga edinmekde aşa üstünlikli bolandygy: “Bu regionyň ykdysady durgunlykdan agyr zarba uçramagyna sebäp bolan esasy sebäpleriň biri onuň geçen birnäçe ýyllykda açylma we integrasiýada gaty köp üstünlik gazanandygy. Şeýle etmek bilen regionyň maliýe sektorynda, belli bir derejede söwdada-da zyýana uçramak ähtimallygy artdy”.

Bu regionda orta gatlak 1990-njy ýyllaryň aýaklarynda döräp başlady. Bu hem käbir ýagdaýlary nazara alanyňda, gaty çalt amala aşdy. Ýöne Günbatardaky orta gatlak ýaly 2008-nji ýylyň güýzünde bolan ykdysady çöküş bulara-da garaşylmadyk zarba bolup degdi.

Barbo: “Orta gatlaga zyýan ýetiren onuň Günbatar bilen deňleşip ugranlygy. Günbatarda, mysal üçin Birleşen Ştatlar we Günbatar Ýewropada orta gatlagyň işsizlik hem kredit gynçylygyndan zyýan çekişi ýaly, bu ýurtlarda-da orta gatlaga şu ýagdaýlar zyýan ýetirdi.” diýýär.

Orsýetde 1998-nji we 2006-njy ýyllarda bolan ykdysady kirzisleriň aralygynda Merkezi we Gündogar Ýewropa, şeýle hem Orta Aziýada doly 50 million adam garyplykdan dynypdy. Häzirki global ykdysady durgunlygyň bolsa, regionda 160 million adama zyýany ýetýär. Mysal üçin, 40 milliona golaý adam garyplykda ýaşaýar, 120 milliona golaýynyň hem ýagdaýy şondan gowy däl.

Maliýe krizisi regiondaky hökümetleriň býüjetine-de zarba bolup degdi. Barbonyň aýtmagyna görä, Bütindünýä Banky býüjetlerini deňagramlaşdyrar ýaly bu hökümetlere gerekli maslahatlary berýär: “Esasy zat, peýdalydygy subut bolan sosial programmalary gorap, ykdysadyýetleriň geçmişe degişli reformalarynyň tamamlanmagyny gazanmak. Ýöne köp ýurtlarda ýagdaý gaty agyr. Bank sistemasyny çökermän saklamak üçin gaty köp pul gitdi. Şol sebäpden hem hökümetlere saýlap alara ýol köp däl”.
XS
SM
MD
LG