Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Neşe meselesi ýene gün tertibinde


Türkmenistanly resmiler neşe maddalarynyň barlagy boýunça ÝHHG tarapyndan geçirilýän türgenleşdiriş programmasyna gatnaşýarlar, 20-nji iýul, 2007-nji ýyl.
Türkmenistanly resmiler neşe maddalarynyň barlagy boýunça ÝHHG tarapyndan geçirilýän türgenleşdiriş programmasyna gatnaşýarlar, 20-nji iýul, 2007-nji ýyl.

Garaşsyz Türkmenistanyň taryhyna ser salanymyzda neşe we oňa garşy göreşiň döwlet ýolbaşçysynyň hiç haçan dilinden düşmeýän meselelerden biridigini aýtmak mümkin.

Ýurduň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow öz döwründe howpsuzlyk güýçleriniň işgärlerini bu maddanyň ýurtda ornaşmagyna goşant goşmakda we onuň söwdasyna aralaşanlykda ençeme gezek aýyplapdy.

2006-njy ýylda häkimiýet başyna geçen häzirki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem häkimiýet başyna geçenden bäri, ilkinji günden başlap bu meselä üns berip gelýär. Ol bu belanyň öňüni almak üçin diňe pikir beýan etmek bilen çäklenmän, 2008-njy ýylyň ýanwar aýynda neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugyny hem döretdi.

Prezident Berdimuhamedow bu gullugyň dörediliş maksatlary barada 2008-njy ýylyň sentýabr aýynda eden çykyşynda şeýle diýipdi: “Häzirki döwrümizde biz neşe serişdelerini ýayradyjylara we neşe söwdasyny edýänlere garşy ähli serişdeler bilen göreşeris. Şu maksat bilen biz degişli gullugy döretdik.”

Bu gullugyň döredilmeginiň bu bela garşy alnyp barylýan göreşe nähili täsirini ýetirenligini takyk aýtmak kyn, emma Berdimuhamedowyň 2-nji dekabrda kabul eden kararyndan çen tutulsa, ol bu toparyň işinden razy däl ýaly bolup görünýär.

"Türkmenistan.ru" internet gazetiniň 3-nji dekabrda çap eden maglumatyna görä, Berdimuhamedow neşelere garşy göreş boýunça döredilen gullugyň ýaňy-ýakynda bellenilen ýolbaşçysyna käýinç yglan edipdir.

Ýolbaşçylar aýyplanýar

Ady agzalýan gullugyň başlygy Aman Garaýew neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna gözegçiligi hem-de wagyz-nesihat işlerini talaba laýyk amala aşyrmanlykda aýyplanylýar. Garaýewe käýinç yglan edilen häzirki pursatda Aşgabat şäheriniň polisiýa müdirliginiň başlygy Abdy Atanýyazow hem wezipesinden boşadyldy.

Atanyýazowyň wezipesinden boşadylmagy baradaky kararyň neşe gaçakçylygy we bu jisime garşy alnyp barylýan göreş bilen ilteşiginiň bolup-bolmanlygy anyk aýdylmaýar. Emma howpsuzlyk güýçleriniň hem bu belanyň ýaýramagynda dahylynyň bardygy döwlet ýolbaşçylary tarapyndan yzygiderli aýdylyp gelinýär.

Şeýle-de Birleşen Ştatlaryň döwlet departamenti tarapyndan neşe we neşekeşlige garşy ýayradylýan ýyllyk raportyň soňky sanynda hem Türkmenistanyň ýokary derejeli döwlet işgärleriniň neşe söwdasynda eliniň bardygy aýdylýar.

Geroini satýanlar bilniýärmi?

Ýerli habarçymyza beren interwýusynda Baýramaly etrabynyň bir ýaşaýjysy hem köp halatlarda ýerli ýolbaşçylaryň neşe söwdasy bilen meşgulanýan adamlara jogapkärçilikli çemeleşmeýänligini aýdýar: “Bazara baryp görsün, häkimlik aýlansyn, bazar doly, biz biri-birimizi barymyz tanap durus. Geroin satýanyň kimdigem belli, çekýäniň kimdigem belli. Munyň aladasyny edýän ýok, alada edýän bolsa, göni bir günde ýok edip boljak.”

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary derejeli ýolbaşçylara käýinç yglan etmegi ýa olary wezipesinden boşatmagy, gürrüňi edilýän şeýle ýagdaýlaryň netijesi bolmagy mümkin. Emma diňe howpsuzlyk güýçleri arkaly, güýç ulanyp bu belanyň ýayramagynyň öňüni almak mümkinmi? Bu soraga, elbetde, bir agyzda jogap bermek kyn.

Käbir ekspertleriň aýtmagyna görä, halkyň goldawy bolmazdan, bu ugurda üstünlik gazanmak aňsat bolmaz. Ilatyň goldawyny gazanmak üçin bolsa il arasynda ýeterlik düşündiriş işleri geçirilmeli.

Zerur ädimler

Ýerli synçy Amanmyrat Bugaýew Azatlyk Radiosyna beren kommentarisinde neşä garşy alnyp barylýan göreş boýunça üns berilmeli başga bir meselä-de ünsi çekip, şeýle diýýär: “Häzir neşebentlik keseline bulaşanlaryň köpüsi işsizler, olaryň dogan-garyndaşlary ilatyň garyp gatlagyna degişli adamlardyr.”

Ýerli synçynyň aýtmagna görä, bu belanyň öňüni almak üçin döwlet ilki bilen halkyň sosial ýagdaýyna üns berip, ilaty iş bilen üpjün etmek barada hakyky alada etmeli. Halky iş bilen üpjün etmek bilen bir hatarda Bugaýew bu bela sataşan adamlara özüni bejermäge-de hökümet tarapyndan ýardam edilmelidigini aýtdy: “Neşebentleri bejermek hakynda döwlet derejesinde uly programma kabul edilen bolsa, has gowy bolardy. Şu programmada neşebentleri ýöriteleşdirilen saglyk öýlerinde döwletiň hasabyna mugt bejermek göz öňünde tutulmaly.”

Elbetde, käbir synçylar bu belanyň öňüni almak üçin halkara guramalar bilen has ýakyndan hyzmatdaşlygyň, ýurtda aça-açanlygyň bolmagynyň, şeýle-de bu belanyň bardygyny ykrar edip, oňa garşy hemmetaraplaýyn çäre görülmeginiň hem zerurdygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG