Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kopengagende klimatyň üýtgemegi maslahatlaşylýar


Kopengagende 192 ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda klimatyň üýtgemegi boýunça 12 günlük konferensiýa açyldy.

BMG-niň klimatyň üýtgemegi bilen bagly konferensiýasynyň açylşynda daniýaly gyzlar aýdym aýtdylar.

192 döwletden alymlaryň gatnaşmagynda howanyň global derejede maýlamagynyň öňüni almak dogrusyndaky geplşikleriň oňyn boljagyna umyt edilýär.

12 günläp dowam etjek konferensiýanyň atmosfera adamlar tarapyndan zyňylýan zäherli gazlaryň azaldylmagynda we munuň bilen bagly problemlara jogap tapmakda ähmiýetli boljagy öňe sürülýär.

Geljek hepde tamamlanjak konferensiýanyň ahyrky gününde dünýäniň azyndan 100 döwletinden baştutanlaryň gatnaşjakdygy çak edilýär. Şol bir wagtyň özünde-de ylmy guramalardan, hökümete degişli bolmadyk gurmalardan we klimat bilen bagly iş alyp barýan toparlardan 15 müň çemesi synçy-da Kopengagendäki maslahata gatnaşýarlar.

Öňde goýlan wezipeler


Konferensiýanyň öz öňünde goýýan wezipeleri diýseň giň diýip, onuň guramaçylary aýdýarlar. Maslahaty açan Daniýanyň premýer-ministri Lars Lokke Rassmussen delegatlara ýüzlenip şeýle diýdi: «Iki hepdelik maslahata hoş geldiňiz, bu maslahatda biz aşa kyn meseleler hakynda pikir alşarys, kynam bolsa, dag ýaly ösüp barýan problemalary çözmek üçin häzirki wagtda belli bir karar kabul etmegimiz zerur».

Dünýä liderleri geljek onýyllyklarda howanyň ortaça maýyllygynyň global möçberde iki gradus azaldylmagy bilen, umuman, ylalaşdylar. Ýöne alymalar howanyň temperaturasy ortaça ýene bir gradus ösüp, üç gradus derejä ýeten ýagdaýynda betbagtçylyga uçralyp bilinjegi barada duýduryş berýärlar.

Howanyň yssylygy global derejede üç gradus artan halatynda demirgazyk okeandaky buzluklaryň eräp biljegi hem-de kenardaky şäherleriň suwuň aşagynda galyp biljegi, BMG tarapyndan geçirilen ylmy maslahatda öňe sürüldi. Şol bir wagtyň özünde-de munuň güýçli toklunlaryň ýany bilen guraklyga-da sebäp boljagy aýdyldy. Ýöne dünýä möçberinde zäherli gazlaryň atmosfera zyňylýan mukdaryny azaltmak boýunça ylalaşyga gelmek aňsat däl.

Döwletleriň pozisiýasy dürli-dürli

Konferensiýanyň öň ýanynda bir topar döwletler zäherli gazlaryň azaldylmagynda meýletin iş alyp barjakdyklaryny söz berdiler. Ýöne zäherli gazlaryň dürli görnüşleriniň öndürilmegine sebäp bolýan käbir döwletler olary azaltmak hakynda bellenilen möhlete onçakly razy bolmaýarlar.

Garyp ýurtlar bolsa, zäherli gazyň öndürilmeginiň azalmagyna kömek bolar ýaly baý döwletleriň özlerine tehniki ýardam bermeklerini talap edýärler. Konferensiýany gurnaýjylar köp mukdarda zäherli gaz öndürýän uly döwletleri, şol sandan Hytaýy we Birleşen Ştatlary zäherli gazlaryň atmosfera zyňylmagyny azaltmga ýa-da oňa kontrollyk etmäge çagyrdylar.

BMG-niň klimat meselesi boýunça ýokary derejeli resmisi Ywo Boer 6-njy dekabrda eden çykyşynda howanyň uly möçberde maýlamagy bilen bagly soňky 17 ýylyň dowamynda geçirilen maslahatlara häzirkisi ýaly köp döwletlerden wekilleriň gatnaşmandygyny mälim etdi. Indi bu meselä halk köpçüliginiň-de köp üns berýändigi aýdylýar.

Dürli ýurtlarda neşir edilýän abraýly 56 sany gazet öz döwlet ýolbaşçylaryny howanyň global möçberde gyzmagynyň iki gradus derejede çäklendirilmegi bilen ylalaşmaga çagyrdylar. Ýönekeý adamlar-da Kopengagen maslahatynda klimat meselesinde oňyn bir netijäniň çykaryljagyna bil baglaýarlar.

Kopengagendäki maslahat 18-nji dekabrda tamamlanar.
XS
SM
MD
LG