Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hawýer Solana Berdimuhamedowa jaň etdi


“Türkmenistan. Altyn Asyr” Internet sahypasynyň ýaýradan maglumatyna görä, düýn prezident Berdimuhamedow bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşary siýasat boýunça baş wekili Hawýer Solananyň arasynda telefon gepleşigi boldy.

Olar Ýewropa bileleşigi bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary hususanda, energetika, söwda ykdysady hyzmatdaşlygy, gumanitar gatnaşyklary ösdürmek barada gürrüň etdiler.

Şeýle-de Berdimuhamedow we Solana Halkara syýasatynyň möhüm meseleleri barada gürrüň etdiler.

Bu telefon gepleşigi Solananyň inisiatiwasy bilen boldy diýip “Türkmenistan. Altyn Asyr” Internet sahypasy ýazdy.

Soňky döwürde Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň energiýa boýunça hyzmatdaşlygy ösdi. Çünki, bileleşik diňe Orsýediň gazyna garaşly bolmak islemeýändigi üçin Hazaryň tebigi baýlyklary akdyryljak Nabukko proýektiniň durmuşa geçirilmegi ugrunda ýadawsyz tagallalar edýär.

Türkmenistanyň gazyny halkara bazarlara ýetirmek üçin Nabukko proýektine hem goşulmak isleýändigini prezident Berdimuhamedow yzygiderli aýdýar.
XS
SM
MD
LG