Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bagdatdaky partlamalar boýunça Al Kaýda güman edilýär


Yragyň häkimiýetleri 127 adamyň ölümine sebäp bolan Bagdatdaky partlamalarda Al Kaýdanyň eliniň bardygyndan güman edýärler.

Düýn Yragyň paýtagtynda yzly-yzyna amala aşyrylan bomba partlamalarynda azyndan 127 adam ölüp, 500-den gowrak adam ýaralandy.

Bu partlamalar Yragyň Maliýe ministrliginiň, uniwersitetiň, polisiýanyň barlag punktynyň hem-de Suduň binalarynyň golaýynda amala aşyryldy.

Bu hüjümler Yrak resmileriniň geljekki ýylyň 7-nji martynda ähliumumy saýlawlary geçirmek babatda ylalaşmaklaryna gabatlanyp amala aşyryldy.

3 gün mundan ozal Yragyň parlamentinde saýlawlar barada täze kanunyň kabul edilmegi babatda ylalaşyldy.
XS
SM
MD
LG