Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kosowanyň garaşsyzlygy jedelleşilýär


Kosowanyň garaşsyzlygy babatdaky Gagadaky tribunalda Fransiýanyň delegasiýasy, 9-njy dekabr, 2009-njy ýyl.
Kosowanyň garaşsyzlygy babatdaky Gagadaky tribunalda Fransiýanyň delegasiýasy, 9-njy dekabr, 2009-njy ýyl.

Kosowanyň döwlet garaşsyzlygynyň Balkan regionynda durnuklylygy ornaşdyrandygyny nygtap, ABŞ 8-nji dekabrda BMG-niň suduny Kosowanyň garaşsyzlygyna hormat goýmaga çagyrdy.

Emma Kosowanyň garaşsyzlygyny sorag astynda goýýan Serbiýanyň iň ýakyn ýarany Orsýet bu ýurduň ykrar edilmeginiň beýleki ýaraglanan separatistlere meçew bermeginiň ähtimaldygyny aýdýar.

Serbiýanyň düzüminde bolan Kosowo 2008-nji ýylyň 17-nji fewralynda öz milli garaşsyzlygyny yglan etdi. Şondan bäri 60-dan gowrak ýurt, şol sanda Ýewropa ýurtlarynyň 22-si, Kosowanyň garaşsyzlygyny ykrar etdiler.

Serbiýa Kosowanyň garaşsyzlygy bilen ylalaşman, Gaagadaky Halkara suduna bu iş boýunça diňlenişik geçirmek babatda şikaýat bilen ýüz tutdy.

1-nji dekabrda başlanan bu diňlenişikde çykyş eden Serbiýanyň wekilleri öz garaşsyzlygyny yglan etmek bilen Kosowanyň Serbiýanyň içerki hem halkara kanunlaryny bozandygyny öňe sürdüler.

“Çapraz gelmeýär”

ABŞ-nyň delegasiýasyna ýolbaşçylyk edýän Harold Hongu Kohuň aýtmagyna görä, Kosowanyň Serbiýadan garaşsyz bolmagy halkara kanunlaryna çapraz gelmeýär hem-de bu mesele Halkara sudunyň bu barada öz garaýşyny beýan etmegini talap etmeýär.

Koh halkara kanunlaryna laýyklykda, beýleki bir ýurduň garaşsyzlygyny ykrar edip-etmezlik meselesini her ýurt özbaşdak çözmeli diýýär. Ýagny, bu meselede hiç kim gadagançylyk girizip bilmez, zorluk bilen şol garaşsyzlygy ykrar etdirip hem bilmez diýip, jenap Harold Hongu Koh aýtdy.

Şeýle hem Koh Halkara sudunyň geljek netijesine garamazdan, Belgradyň hiç haçan Kosowanyň garaşsyzlygyny ykrar etmejekdigini birnäçe gezek gaýtalap aýdandygyny ýatlatdy: “Bu suda şikaýat bilen ýüzlenen ýurt suduň çykaran kararyny ykrar etmejegini öňünden aýdýan bolsa, onda şeýle kararyň çykarylmagy nämä gerek? Şonuň üçin biz sudy Kosowanyň garaşsyzlyk meselesini gozgamazlyga çagyrýarys. Ýagny, sud bu mesele boýunça düýpden karar çykarman ýa-da diňe Kosowanyň öz garaşsyzlygyny ykrar etmegi halkara kanunlaryna gabat gelýärmi diýen sowala jogap berip, bu meseläni ýapmaga çagyrýarys.”

1244-nji rezolýusiýa

Orsýet delegasiýasyna ýolbaşçylyk edýän Orsýetiň Gollandiýadaky ilçisi Kirill Geworgan hem 8-nji dekabrda Halkara sudunda çykyş edip, Kosowanyň garaşsyzlygyny yglan etmegi 1999-njy ýylla BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan kabul edilen 1244-nji rezolýusiýasyny bozýandygyny aýtdy.

Şol rezolýusiýa laýyklykda Kosowo BMG tarapyndan wagtlaýyn dollandyrylyp, NATO-nyň ýaranlyk güýçleriniň goragynda bolmaly. Şol wagtlaýyn möhlet geçensoň bolsa, Kosowanyň hukuk durumy babatda Serbiýa bilen gepleşik geçirilip, şol gepleşiklerde gelnen netije BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan makullanylmalydy.

7-nji dekabrda bu mesele bilen bagly çykyş eden Hytaýyň wekili hem Kosowo meselesinde 1244-nji rezolýusiýanyň bozulandygyny aýtdy.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik wekili bolan Fransiýa Kosowo bilen bagly geçirilýän bu diňlenişikde şu gün, 9-njy dekabrda, çykyş etmeli. Ondan soň, 10-njy dekabrda, Halkara sudunda Britaniýanyň wekilleri bu mesele bilen bagly öz garaýyşlaryny beýan ederler.

Emma bu ýurtlaryň ikisi hem Kosowanyň garaşsyzlygyny ykrar etdiler. Kosowanyň garaşsyzlyk meselesi boýunça sud diňlenişigi 11-nji dekabra çenli dowam eder diýlip garaşylýar. Emma bu diňlenşigiň netijeleriniň 2010-njy ýylyň dowamynda belli boljakdygy çaklanylýar.
XS
SM
MD
LG