Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Permiň hökümeti iş başyndan çekildi


Permiň regional hökümeti 5-nji dekabrdaky betbagtçylyk bilen bagly iş başyndan çekilýändigini yglan etdi.

Geçen Anna güni Permdäki gijeki klubda bolan tragiki waka geçen onýyllykda Orsýetde bolan iň köp adam ýitgili ýangyndyr. Häzire çenli bu waka sebäpli ölenleriň sanynyň 130-dan hem geçendigi habar berildi. Emma ýene-de şonçarak adam keselhanada galýar we olaryň aglabasynyň bedeni erbet ýanypdyr. Düýn ölenleriň arasynda gijeki klubuň eýeleriniň biri Aleksandr Titlýanowyň bardygy aýdyldy.

Owal milisiýanyň geçiren derňewinde Titlýanowa şübhe bildirilendigi aýdylypdy. Eýýäm regional barlag edarasynyň birnäçe resmisi wagtlaýynça wezipesinden çetleşdirildi we şol ýangynda aýyplanyp, dört adam tussag edildi.

Emma Permiň hökümetiniň iş başyndan çekilmegi ýaly waka Orsýete mahsus däl. Bu ýurtda resmileriň adam ýitgili betgbagtçylyklara jogapkärçilik çekyändigi üçin wezipesinden gitmegi seýrek duşýar. Permiň hökümetiniň iş başyndan gitmegi Orsýetiň premýer-ministri Putiniň regiona saparyndan bir gün soňra boldy. Putin ýangyndan goranmak düzgünleriniň durmuşa ornaşdyrylmandygyny regional resmilere aýtdy.

Orsýetde «Agsak at» klubynda ýangyn çykdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:21 0:00


“Dogry edilen iş”

Liberal “Ýabloko”partiýasynyň regional bölüminiň başlygy Olga Kolokolowa Permiň regional hökümetiniň işden gitmegine gowy baha berdi. Ol Radiomyzyň Ors gullugyna beren interwýusynda: “Regional hökümetiň agzalarynyň işden çekilmegi ýa-da olary welaýatyň häkiminiň boşatmagy dogry edilen iş. Men munuň beýleki resmilere hem sapak boljakdygyna we olaryň öz şahsy jogäpkärçiligine düşünjekdigine umyt edýärin” diýdi.

Permiň regional hökümetiniň aglaba agzasy täze hökümet düzülip, ýangyn baradaky derňew tamamlanýança, wezipesinde galar. Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň maglumatlaryna görä, üç regional ministr wezipesinden çekildi.

Regional kommunistik partiýanyň lideri Wladimir Korsun bu wezipe çalyşygynyň ýerliklidigini aýtdy: “Hökümeti tutuşlygyna täzeden düzmeli. Eger ýagdaýlar häzirkisi ýaly dowam etse, onda bütin Perm ülkesi ýangyn bolan “Agsak At” atly gijeki kluba meňzär”.

Permiň regional hökümetinde doly özgerişligiň haçan boljakdygy anyk däl. Düýn Permde bolan kollektiwleýin wezipeden çekilmeleriň ýurtdaky täze bir waka däl-de, köpräk simwoliki häsiýete eýe bolmagy mümkin. Sebäbi Orsýetli ýangynyň öňüni almak boýunça inspektorlara howpsuzlyk çärelerini durmuşa geçirijiler däl-de, eýse parahorlar hökmünde garalýar.
XS
SM
MD
LG