Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Abhazlar ses bererler, ýöne ýurdy kim dolandyrýar?


Gürjüstandan bölünen Abhaziýada şenbe güni prezidentlik saýlawlary geçirilýär. Bu özbaşdaklygyny yglan edenden soňra, respublikada geçirilýän ilkinji ses berlişikdir.

Mälim bolşuna görä, Gürjüstandan bölünen bu respublikanyň garaşsyzlygyny henize çenli Latyn Amerikada ýerleşýän iki ýurt bilen Orsýetden başga ykrar eden ýok.

Moskwa tarapyndan goldanylýan regionyň häzirki prezidenti Sergeý Bagapş, ses berlişige gatnaşýan bäş kandidatyň arasynda iň güýçlüsi diýlip hasaplanylýar.

Bagapşyň iň güýçli garşydaşy bolsa onuň öňki orunbasary Raul Khajimba bilen Abhaziýanyň “Ykdysady ösüş” partiýasynyň ýolbaşçysy Beslan Butbadyr. Ol kandidatlaryň ählisi korrupsiýa garşy göreşmek, ykdysadyýeti, sosial ýagdaýlary we kiçi derejeli biznesi ösdürmek ýaly ugurlar boýunça halka birgiden wadalar berdiler.

Orsýete garaşlylyk

Synçylaryň aýtmagyna görä, Abhaziýanyň halkara jemgyýetçiliginden üzňe we tutuşlygyna diýen ýaly Orsýete garaşly bolmagy bu saýlawlaryň netijesiniň ähmiýetini çäklendirýär. Olaryň aýtmagyna görä, şeýle ýagdaýda islendik kandidatyň saýlawlarda ýeňiş gazanmagyna garamazdan, güýç Moskwanyň kontrollygunda galar.

“Halkara krizis” toparynyň Tiblisidäki edarasynyň ýolbaşçysy Lawrens Şeets bu barada şeýle diýýär: “Eger garaşylmadyk bir waka bolaýmasa, saýlawlar Abhaziýada hiç zady üýtgetmez. Sebäbi esasy sorag häzirki döwürde ýerli ýolbaşçylaryň näderejede erkin hereket edip bilýänligi baradadyr. Olaryň özbaşdaklygy 2008-nji ýyldan öňki döwür bilen deňeşdirilende, hasam azaldy, şunlukda regionyň näderejede Moskwanyň täsiriniň astyndadygyna göz ýetirmek kyn däl”.

Abhaziýa tutuşlygyna diýen ýaly Orsýetiň kontrollygynyň astynda. Abhazlaryň köpüsinde öz ýurtlarynyň pasporty bilen bir hatarda Orsýetiň hem pasporty bar. Orsýetiň milli puly bolan rubl regionyň resmi puludyr. Abhazlaryň köpüsi rus dilinde gürleşýärler we Orsýet Abhaziýa maýa goýan esasy ýurt bolmaklygyna galýar.

Şeýle-de, 3800 töweregi rus harbysy Abhaziýada ýerleşýär. Moskwa Abhaziýanyň Oçamçire portunda uly harby merkezini gurýar. Abhaziýanyň
Bütewi Abhaziýa partiýasy Orsýetiň häkimiýetini dolandyrýan partiýanyň usulynda döredildi.
häzirki prezidenti Sergeý Bagapş aýratynam Abhaziýanyň demirýol sistemasyny, aeroportlaryny we howa giňişligine-de Orsýetiň kontrollygyna tabşyrdy.

Suhumide ýerleşýän synçy Itakli Khintuba Azatlyk Radiosynyň Abhaziýa we Günorta Osetiýa gepleşiklerini efire berýän “Eho Kawkaz” Radiosyna beren interwýusynda Bagapşyň “Bütewi Abhaziýa” partiýasynyň gurluşyk strukturasynyň hem Orsýeti dolandyrýan “Bütewi Orsýet” partiýasyna aşa çalymdaşdygyny aýtdy: “Bütewi Abhaziýa partiýasy Orsýetiň häkimiýetini dolandyrýan partiýanyň usulynda döredildi. Bu ädim ýurtda resmi taýdan ygtyýarly partiýany döretmek düzgünini ornaşdyrmaga gönükdirilen synanyşykdyr”.

Regiony ykdysady taýdan ösdürjekdigini aýdýan oppozision partiýalar hem Orsýete ýakmajak syýasaty ýöretmekden çekinýärler. Olardan biri hem Beslan Butbadyr. Ol şeýle diýýär: “Näme etsek we geljekde näme etmeli bolsak, olaryň ählisini biz Orsýet bilen bilelikde amala aşyrarys. Häzirki döwürde bizi Orsýetiň ykrar etmegi ýeterlikdir. Biz şol ugry eýeläp, özümizi ösdüreris, biziň öňümize böwet boljak zat ýok”.


XS
SM
MD
LG