Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistana ýokary derejeli myhmanlar geldi


Düýn Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhammedow ýurda sapara baran Hytaý Halk respublikasynyň, Gazagystanyň hem-de Özbegistanyň prezidentleri bilen günüň dowamynda aýry-aýrylykda duşuşdy.

Bu duşuşyklarda daşary ýurtly döwlet liderleri türkmen prezidenti bilen özara hyzmatdaşlyklaryň perspektiwalary barada pikir alyşdylar.

Döwlet liderleriniň duşuşyklaryndan daşary, Türkmenistanyň hökumet agzalary bilen Hytaýyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň hökümet agzalaryndan ybarat delegasiýalaryň derejesinde giňeldilen gepleşikler hem geçirildi.

Bu gepleşiklerde hem taraplar söwda-ykdysadyýet, medeniýet, gumanitar we ylmy pudaklar ýaly dürli pudaklar boýunça özara hyzmatdaşlyklar barada maslahat etdiler.

Bu gepleşikleriň yzy bilen bolsa, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklara degişli käbir möhüm dokumentlere-de gol çekildi.
XS
SM
MD
LG