Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-hytaý gaz truboprowodynyň açylyş dabarasy bolar


Şu gün Türkmenistanyň Lebap welaýatynda täze gurlan türkmen-hytaý gaz truboprowodynyň açylyş dabarasy bolar.

Bu möhüm dabara Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhammedow bilen birlikde Hytaýyň prezidenti Hu Szintao, Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew we Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow dagylar hem gatnaşar diýlip garaşylýar.

Türkmenistanyň gündogar raýonyndan Özbegistanyň hem-de Gazagystanyň üsti bilen Hytaýa çekilen uzynlygy 7 müň kilometr töweregi bolan bu täze gaz prowody Türkmenistanyň ykdysadyýetinde uly rol oýnajak proýekt hasaplanylýar.

Iki ýurduň bu ugurda baglaşan özara şertnamasyna laýyklykda Türkmenistan geljek 30 ýylyň dowamynda bu truboprowodyň usti bilen Hytaýa ýylda 40 milliard kubometr gaz akdyrar.

Bu gaz truboprowody 2012-nji ýyldan özüniň doly kuwwatynda işläp başlar diýlip garaşylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG