Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hamas 22 ýyllygyny belledi


Duşenbe güni Hamasyň gurulmagynyň 22 ýyllygy bellenildi. Elleri ýaşyl baýdakly müňlerçe adam Gazanyň merkezi Katiba meýdanynda şagalaň etdi. Ýolbaşçylar hem bu wakany adatdan daşary waka öwürmekligi wada etdiler.

Ysraýyl öten ýyl Gaza hüjüm edeli bäri entek beýle uly dabara bolmandy. Şol sebäpden hem bu waka “Hüjümden soň Hamas halkyň gözünden düşdi, ol indi halk tarapyndan öňküsi ýaly goldanylanok” diýen “myş-myşlary” ýalana çykarmak üçin Hamasyň ýolbaşçylaryna gowy pursat bolup durýardy.

Aýdym-sazyň arasyndan guramanyň bir sözçüsiniň, onuň tarapdarlarynyň sesi eşidildi: “Gudraty güýçli Allanyň adyndan kasam edýärin, azatlyk ugrunda söweşmegi dowam etdirerin”.

Hamas 1987-nji ýylda guruldy. Ýöne onuň halkara derejesinde at almagyna sebäp bolan Palestinanyň 2000-nji ýylda başlanan ikinji intifadasynda alyp baran gazaply hereketleri boldy. Bu hereketler, aýratyn-da söweşijileriň özlerini partlatmak arkaly Ysraýylda ýüzlerçe adamy öldürmegi bilen baglanyşykly.

Hamasyň ençeme tussagy, şol sanda 2006-njy ýylyň iýunyndan bäri bendilikde saklanylýan ysraýylly esger Gilad Şalidi hem boşatmagyna garaşylýar. Onuň deregine Ysraýyl ýüzlerçe palestinaly tussagy boşatmakçy. Ýöne Hamasyň ýolbaşçylary bu barada gepleşikler entek tamamlananok diýip, bu mümkinçiligi gowşatdylar.

Gilad Şalidiň boşadylmagy barada taraplar arasynda köp gepleşikler geçdi. Ysraýyl ýeke-täk esger üçin aşa köp palestinaly bendini boşatdy diýen ada galmajak bolýar. Dogrudanam, aýdylyşyna görä, Ysraýyl tarapyndan boşadyljak diýilýänleriň arasynda Palestinada ozal at alan adamlar bar.

Aram palestinlylar hem Hamasyň tussaglary boşatmakda gazanan üstünliginiň Fatahyň ýolbaşçysy Prezident Mahmud Abbasa zyýan ýetirmeginden gorkýarlar.
XS
SM
MD
LG