Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Neşekeşlige garşy agitasiýalar geçirilýär


Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugy tarapyndan indi bir hepdä golaý wagt bäri tutuş ýurduň orta mekdeplerinde, edara-kärhanalarynda neşekeşligiň zyýany hakda agitasion çäreler geçirilýär.

Bu agitasion çäre esasan, ýurduň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugy hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan gurnalýar.

Mekdeplerde gurnalýan bu çärelere hatda okuwçylaryň ene-atalary hem çagyrylýar.

Şeýle çärelerde Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň işgärleri, häkimlikleriň ýerli wekilleri, polisiýanyň işgärleri çykyş edip, ýaşlary neşeden daşda durmagy, ýaramaz endige ulaşmazlygy ündew edýärler.

Polisiýanyň wekilleri bolsa ýaşlara neşe serişdelerine ulaşan adamlary fakt bilen delillendirip, olaryň ykballary barada gürrüň berýärler.

Neşekeşligiň garşysyna göreşmek barada geçirilýän agitasion çäreler ýaşlarda uly täsir galdyrýar.
XS
SM
MD
LG