Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berluskoni azyndan ýene bir gün keselhanada bolar


Ýakynda psihiki taýdan näsag diýlip hasaplanylýan bir adamyň eden hüjüminde ýüzüne we dişine zeper ýeten Italiýanyň premýer-ministri Silwio Berluskoni azyndan ýene bir gün keselhanada bolar.

Berluskoniniň doktorlary oňa geljek iki hepdäniň dowamynda jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmazlygy maslahat berendiklerini mälim etdiler. Bu bolsa, Italiýanyň premýer-ministriniň klimatyň özgermek meselesi boýunça Kopengagende geçýän halkara konferensiýasyna-da baryp bilmejekdigini aňladýar.

Geçen ýekşenbe güni Italiýanyň Milan şäherinde Berluskoniniň öz tarapdarlarynyň öňünde söz sözläp eden çykyşynyň yzýany, psihiki taýdan näsag diýlip hasaplanylýan bir adam onuň ýüzüne kiçiräk bir demir heýkel bilen urupdy.

Bu hüjümiň netijesinde premýer-ministr Berluskoniniň burun süňki bilen iki dişi döwüldi. Wakanyň yzy bilen polisiýa bu hüjümi amala aşyrany tussag etdi.
XS
SM
MD
LG