Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Muhin: "Täze gaz geçiriji “Gazprom” üçin zyýanly we peýdaly"


Alekseý Muhin.
Alekseý Muhin.

Şu hepdäniň duşenbe güni Türkmenistan-Hytaý tebigy gaz turbaprowody işe girizildi. Bu waka babatda dünýä boýunça dürli reaksiyalar boldy. Ony türkmen mediasy “Asyryň möhüm wakasy” diýip atlandyrsa, ors metbugaty şol turbaprowodyň amala aşyrylmagy Orsýetiň daşary syýasatynyň şowsuzlygy diýip baha berdi.

Eýsem Türkmenistan-Hytaý turbaprowdynyň işe başlamagyna ekspertler nahili baha berýärler. Bu barada Azatlyk Radiosyndan Guwanç Gere Moskwadaky Syýasy barlag boýunça merkeziň başlygy Alekseý Muhin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Muhin, siz Türkmenistan Hytaý turba geçirijisiniň işe girizilmegine nähili baha berýärsiňiz?

Alekseý Muhin: Elbetde, bu turba geçirijisiniň açylmagy “Gazprom” üçin ýakymsyz zat. Emma “surpriz”, ýagny garaşylmadyk waka däl. Onuň “Gazproma” ýakymsyz bolmagynyň sebäbi Türkmenistan daşary ykdysady işlerini hakykatdanam dürli ugurlar arkaly amala aşyrmaga başlady.

Aşgabat “Gazprom” bilen geljekki gepleşiklerinde öz gazy üçin isleýän bahasynyň kesilmegi üçin bu turbany ulanar. Emma mundan beýläk Türkmenistanyň Ýewropa akdyrjak gazy az bolar. Bu “Gazprom” üçin ýakymly habar.

Dogrusyny aýtsak, täze turba geçirijisiniň açylmagy “Gazprom” üçin deň derejede zyýanly we peýdaly. Hut şonuň üçin-de bu waka ne “Gazpromyň”, ne-de Orsýetiň ýolbaşçylary ýiti reaksiýa bildirdiler. Meniň bilşime görä, olar bu waka örän giňlik bilen garadylar.

Azatlyk Radiosy: Onda näme üçin Orsýetiň premýer-ministriniň birinji orunbasary Seçin turbanyň işe başlan gününiň ertesi, ýagny 15-nji dekabrda Aşgabada bardy? Onuň prezident Berdimuhamedow bilen duşuşygynda esasan energiýa hyzmatdaşlygy barada gürrüň edildi.

Alekseý Muhin: Elbetde, Igor Iwanowiç Seçin ähli meseläniň çözgüdiniň tapylmagy üçin Aşgabada bardy. Şeýle-de Seçin ol ýa-da beýleki ýagdaýlarda türkmen baştutanyndan kepilnama almak üçin sapar etdi. Hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösüşine Orsýet juda gyzyklanma bilen syn edýär. Hut şonuň üçin-de Igor Iwanowiç Aşgabada sapar etdi. Men bu sapara ykbal kesgitleýji däl-de, pozisiýalary deňeşdirmek üçin edilen wizit diýip, baha bermekçi.

Azatlyk Radiosy: Jenap Muhin, Türkmenistan-Hytaý turba geçirijisiniň çekilmeginiň regiondaky geosyýasy bäsdeşlige nähili täsir etmegi mümkin?


Alekseý Muhin:
Hytaý soňky ýyllarda Orsýete, Türkmenistana we Gazagystana özüniň çig mal bazasy hökmünde garap, regionda aktiwligini hasam ösdürdi. Biz häzir hut şol syýasatyň ilkinji netijesini görýäris. Hytaý bu ugurda juda tutanýerli we üstünlikli hereket edýär. Emma ne Orsýet, ne Türkmenistan, ne-de Gazagystan Hytaý bilen hyzmatdaşlygyndan doly razy.

Şonuň ýaly-da täze turba geçirijiniň çekilmeginiň regiondaky geosyýasy bäsdeşlige täsiri ikinji derejeli zat diýip oýlanýaryn. Çünki esasy oýunçylar Ýewropa Bileleşigi we ABŞ. Yöne Merkezi Aziýa döwletleri, Orsýet we Hytaý soňky döwürde özara gowy düşünişýärler. Hut şu hem NATO agza döwletleri bu regiondaky işlerini güýçlendirmäge iterdi. Ine, hut şunuň hem geosyýasy täsirleri bolar.

Azatlyk Radiosy: Siz söhbetdeşligimiziň başynda Türkmenistan-Hytaý turba geçirijisiniň işe girizilmegini “Gazpromyň”, Kremliň giňlik bilen kabul edendigini aýtdyňyz. Emma Orsýetiň mediasy bu waka uly alada bildirdi. Hatda olar turba geçirijisiniň işläp başlamagy Kremliň ýalňyş syýasatynyň netijesi diýen bahany hem berdiler. Siz bular barada näme diýýärsiňiz?

Alekseý Muhin: Sebäbi owaly Orsýetiň daşary ykdysady syýasaty bilen onuň ýokary derejeli daşary syýasatynyň arasy üzülen. Çünki şu mesele boýunça karar kabul edilende, olar türkmen tarapyndan aýryldy.

Dogrusy, eger “Gazprom” bu proýekte dürli ýollar bilen täsir etmäge synanyşan bolaýsa, oňa başga bir döwletiň içki işlerine gatyşmak diýlip garalardy. Meniň pikirimçe, şu meselede Orsýetiň özi günäkär. “Gazpromyň” we Orsýetiň ýolbaşçylarynyň bu proýekte baş galdyrmandyklarynyň sebäbi ahyrynda ol strategiki, geosyýasy taýdan “Gazproma” peýdaly. Çünki, şol turba geçirijisi Günbatar Ýewropanyň gaz bazarynda “Gazproma” möhüm mümkinçilikleri berýär.

Azatlyk Radiosy: Jenap Muhin, Türkmenistan-Hytaý proýektiniň durmuşa geçirilmeginde prezident Berdimuhamedow nähili rol oýnady?


Alekseý Muhin: Belli bolşuna görä, Berdimuhamedow soňky döwürde Türkmenistanyň köne we potensial energiýa partnýorlary bolan Günbatar Ýewropa hem beýleki ýurtlara sapar etdi. Hut şeýle syýasatyň netijesinde hem şu proýekt durmuşa geçirildi. Şoňa görä-de, onuň durmuşa geçirilmeginde Berdimuhamedowyň uly hyzmatynyň bardygy gürrüňsiz. Emma bu ýerde gürrüň türkmen döwletiniň abadançylygynyň we hökümetiň energetika syýasatynyň diňe Orsýeti däl-de, beýleki ýurtlary hem öz içine alýandygy barada gidýär. Hut şonuň üçin-de, bize partnýorlarymyza diňe guwanmak galýar.
XS
SM
MD
LG