Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlyk isleýär


Obamanyň administrasiýasynyň Merkezi Aziýa Birleşen Ştatlaryň daşary syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde garaýanlygyna şübhe edilen bolsa, indi bu şübhe aradan aýryldy.

Muny Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri baradaky býurosynyň kömekçi orunbasary Jorj Krol 15-nji dekabrda geçen diňlenişikde aýyl-saýyl etdi: “Bu administrasiýa Merkezi Aziýa asla unudylan, Amerikanyň bähbitleri üçin ähmiýetsiz bir region diýip hasap edenok. Bu region Birleşen Ştatlaryň howpsuzlyk, ykdysady we syýasy bähbitleriniň daýanç nokadynda ýerleşýär. Oňa üns we ähmiýet berilmeli, yhlasly ýapyşmaly. Obamanyň administrasiýasynyň bu regiona çemeleşişi şeýle”.

Orta Aziýa döwletleri Birleşen Ştatlara mydama-da potensial peýdaly partnýor hem ýaran diýip, garap geldi. Ýöne Birleşen Ştatlaryň Merkezi Aziýada adam hukuklarynyň bozulmagyny, düýp erkinliklere bolýan hormatsyzlyklary tankytlamagyny bu bäş döwletiň ýolbaşçylary gaty görmän duranoklar. Ýagdaý iň bärkisi 1990-njy ýyllarda şeýledi. Ýöne 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Birleşen Ştatlarda bolan hüjümlerden soň Merkezi Aziýa täzeden ähmiýet gazandy.

Indi hem Owganystandaky uruş täze faza girensoň, Merkezi Aziýa ýene üns merkezine düşdi. Muny senator Robert Kasy şeýle beýan etdi: “Häzirki diňlenişikde regionda ýüzbe-ýüz bolup durlan esasy problemalara üns berilse, Birleşen Ştatlaryň Merkezi Aziýa baradaky syýasatynyň barlanmagynda hem Owganystandaky we Pakistandaky konfliktden ugur alynmaly”.

Owganystandaky we Pakistandaky konfliktleri çözmekde Merkezi Aziýanyň näme üçin ähmiýetlidigini Kasy şeýle düşündirdi: “Regiona ugradylýan NATO esgerleriniň sanynyň gitdigiçe köpelýändigini, Pakistanyň üsti bilen bolýan üpjünçilik ýollaryndaky howplaryň barha köpelýändigini nazara alanyňda, Orta Aziýanyň ähmiýeti has-da artýar”.

Merkezi Aziýa bilen Birleşen Ştatlaryň, umuman aýdanyňda, Günbataryň gatnaşyklaryny üýtgeden ýene bir zat-da energiýa çeşmeleri ugrunda barýan bäsdeşlik.

Krol Merkezi Aziýa bilen gatnaşykda agdyklyk edýäniň howpsuzlyk meselesidigini belläp, mundan başga hem möhüm ýagdaýlaryň bardygyny aýtdy. Ol bu babatda Özbegistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa bilen planlaşdyrylan duşuşyga salgylandy: “Biz Merkezi Aziýanyň her bir döwleti bilen ýokary derejeli mehanizmleri ýola goýduk. Aýratyn bellenmelisi-de – gatnaşyklary pugtalandyryp, praktiki hyzmatdaşlygy ornatmak üçin her ýyl geçirilmeli dialogdyr”.
XS
SM
MD
LG