Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ýaşlary nädip salam berýärler?


Salam bermek däbi dürli halklarda we medeniýetlerde tapawutly bolýar. Ylaýtada ýetginjekleriň we beýleki ýaşlaryň arasynda salamlaşmak däbi öňki nesillere görä tapawutly.

Türkmenistanda salamlaşmak gadymdan gelýän däpleriň biri bolsa-da, bu garaşsyzlyk döwründäki nesilleriň arasynda üýtgedi. Ýaşlaryň öz ata-babalaryndan galan edepler barada bilmezligi olary oňaýsyz ýagdaýda goýýar diýilýär. Mysal üçin, köpçülige barlanda aňyrdan gelen adam salam bermeli. Toý ýerlerinde sag tarapdan görüşmeli diýilýär. Türkmende kiçi ula salam berýär.

Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçysy Taher Shir Mohammadi tarapyndan taýýarlanan “Ýaşlar“ programmasynda ýaşlaryň arasyndaky salamlaşmak däbi hem-de Türkmenistan - Hytaý gaz geçirjisi baradaky ýaşlaryň garaýyşlary barada maglumat berilýär.

Şu temalar boýunça taýýarlanan “Ýaşlar” gepleşgini diňlemek isleseňiz, sahypanyň sag tarapynda ýerleşdirilen audio düwmäni basyň.

XS
SM
MD
LG