Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýaly žurnalistiň kitaby Türkmenistany beýan edýär


Cover of the book written about Turkmenistan by Jean-Baptiste Jeangene Vilmer
Cover of the book written about Turkmenistan by Jean-Baptiste Jeangene Vilmer

Ýakyn wagtlarda Türkmenistanda ýaşan žurnalist, halkara hukuk, syýasy we filosofiýa ylymlarynyň doktory, Montreal, Amsterdam we Yale ýaly uniwersitetleriniň ylmy işgäri bolup işlän Jean-Baptiste Jeangene Vilmer Türkmenistan we türkmen halkynyň durmuşy barada kitap ýazdy.

Jean-Baptiste Jeangene Vilmeriň kitaby “köne däpler bilen täzeçilligiň arasynda gidip-gelip duran” Türkmenistanyň geografiýasy, taryhy, syýasaty, ykdysadyýeti, ilaty, jemgyýeti we medeniýeti barada 280-den gowrak suratlar bilen maglumat berýär.

2007-2009-njy ýyllar aralygynda Fransiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda ataşe bolan Jean-Baptiste Jeangene Vilmeriň ýazan bu kitaby türkmen jemgyýetiniň häzirki ýagdaýy bilen bilelikde, beýleki käbir ugurlaryny giňişleýin düşündirýär.

Fransuz dilinde neşir edilen kitapda, Türkmenistanyň oppozisiýa hereketleri, petiklenen web sahypalar, tire-taýpalar (öwlatlar), telewideniýedäki programmalar, durmuş toýlary, maşgaladaky zorluklar, dälihanalar, çaga zähmeti, 2009-njy okuw ýyly, turbalar babatdaky uly oýunlar, gözegçilikdäki turizmiň ösdürilişi, oba-hojalyk sistemasy, bäbeklere dakylýan atlar, 2008-nji ýylyň sentýabr aýynda bolan atyşyk, neşe söwdasy, yrymlar, teatrlar, tagamlar hem-de resmi taryhyň täzeden ýazylyşy barada maglumat berilýär.

Azatlyk Radiosynyň Vilmer bilen geçiren söhbetdeşligi we onuň ýazan kitabyndan käbir suratlar sahypanyň sag tarapyndaky çelgide ýerleşdirildi.
XS
SM
MD
LG