Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz žurnalisti keselhanada aradan çykdy


Tanymal oppozision žurnalist Gennadiý Pawlýuk şu gün Almaty keselhanasynda aradan çykdy. Polis işgärleri onuň bir hepdä golaý mundan ozal Gazagystanda bir belent jaýdan el-aýagy daňylgy ýere taşlanandygyny aýdýarlar. Gyrgyz hökümetini tankytlaýanlar bu wakany söz azatlygyna edilen hüjüm diýip atlandyrýarlar.

Oppozisiýanyň tarapdary, gyrgyz hökümetiniň ýiti tankytçysy Pawlýuk ozal ençeme gazete, şol sanda “Argumenti i Fakty” we “Komsomolskaýa Prawda” ýaly gazetlere habar ýazýardy. Ol öz makalalarynda Ibragim Rustembek diýen edebi lakamy ulanýardy.

Pawlýugyň Gyrgyzystanyň oppozision partiýasy “Ata-Mekan” bilen atdaş bir internet sahypasyny ýola goýmaga taýýarlyk görüp ýörenligi-de aýdylýar. Bu partiýanyň ýolbşçysy Ömürbek Tekebaýew özüniň üstümizdäki aýda Pawlýuk bilen duşuşandygyny, agzalýan internet sahypasynyň ýola goýulmagynyň planlaşdyrylandygyny aýdýar. Tekebaýew bu neşiriň syýasy partiýanyň organy däl-de, bir garaşsyz sahypa bolmagyny isläpdir.

Ata-Mekan partiýasynyň başlygy žurnalistiň öldürilmegini ýurtda söz azatlygyny sem etmek üçin edilen synanyşyk diýip häsiýetlendirdi: “Meniň pikirimçe, bu bir syýasy sebäpleri bolan jenaýat. Bu Gyrgyzystanda söz erkinligini çäklendirmek üçin edilen ýene bir synanyşyk”.

Tekebaýew soň hem: “Geçen birnäçe aýlykda ol Gyrgyzystanyň häzirki häkimiýetlerini tankytlap, ençeme makala we interwýu neşir etdi, olaryň täze başyny başlan reformalarynyň hakyky manysyny halka düşündirdi” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Pawlýugyň Gazagystana näme üçin gidendigi belli däl. Tekebaýew ony goňşy ýurtda ýok etmek üçin aldap, ol ýere çekendirler diýip pikir edýär.

Gyrgyz hökümeti adam hukuklaryny bozýanlykda aýyplanyp, şeýle hem žurnalistlere we syýasy aktiwistlere bolýan hüjümleriň artanlygy sebäpli soňky wagtlarda ýiti tankytlandy.

Gyrgyz parlamentiniň Sosial-demokratik topary 21-nji dekabr güni 2006-njy ýyldan bäri ýurtda žurnalistlere azyndan 60 gezek hüjüm edilendigini aýtdy. 2007-njy ýylda garaşsyz žurnalist Alişer Saipow, 2009-njy ýylda hem Almaz Taşiýew oldürildi.

Sosial-demokratlar žurnalistlere dürli ýollar bilen degilýändigini aýdýarlar. Olaryň aýtmagyna görä, 2008-nji ýylda žurnalistler hem media bilen baglanyşykly elliden gowrak sud prosesi bolupdyr.

Geçen üç ýyllykda hem azyndan alty žurnalist, öz janyndan gorkup, ýurdy terk edipdir.
XS
SM
MD
LG