Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan iki raýatynyň burnunyň hem-de gulaklarynyň kesilmelidigi barada höküm çykardy


Sişenbe gün Pakistanyň sudy ýurduň iki raýatynyň burnunyň hem-de gulaklarynyň kesilmelidigi barada höküm çykardy.

Bu iki erkek kişi bir aýal maşgalanyň bulardan birine äre çykmaga göwnemändigi üçin, ony alyp gaçyp, onuň burnuny hem-de gulaklaryny kesmäge synanyşanlykda aýyplanýarlar.

Lahur şäheriniň sudy yslam dininiň şerigat düzgünine laýyklykda aýyplanýanlaryň bu işi üçin olaryň öz burnynyň we gulaklarynyň kesilmegine görkezme bermekden hem daşary, olary ömürlik türme tussaglygyna höküm etdi.
XS
SM
MD
LG