Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

The Times: “Osama ben Ladeniň ýakyn garyndaşlaryndan käbiri Eýranda”


Çarşen güni Britaniýada çap edilýän gazýetlerden ikisi Al-Kaýdanyň lideri hasaplanylýan Osama ben Ladeniň ýakyn garyndaşlaryndan käbirleriniň Tähranyň eteginde aýratyn gorag astynda ýaşaýandyklary barada maglumat çap etdi.

«The Times» gazýeti soňky sekiz ýyl bäri Ben Ladeniň Tähranyň eteginde ýaşap gelýän garyndaşlarynyň hatarynda onuň hut öz aýallaryndan biriniň we onuň alty çagasynyň hem bardygyny habar berýär.

Maglumata görä, Ben Ladeniň bu maşgala agzalary 2001-nji ýylda Owganystany terk edip, Eýrana bosup barypdyrlar. Şol ýerde-de olaryň howpsuzlyk güýçleriniň berk gözegçiligi astynda ýaşap gelýändikleri aýdylýar.

Eýranyň häkimiýetleri bolsa şu çaka çenli Osama ben Ladeniň nähilidir bir maşgala agzalarynyň bu ýurtda bardygyny inkär edip gelýärler.

XS
SM
MD
LG