Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Waşington Eýranyň polisiýa döwleti ýaly hereket edýänligini aýtdy


Eýranyň howpsuzlyk güýçleriniň protestçiler bilen çaknyşmagyndan soňra, Birleşen Ştatlary Tährany polisiýa döwleti ýaly hereket edýänlikde aýyplady.

Döwlet departamentiniň metbugat wekili Filip Krowly Eýranyň öz ilatynyň erk-islegini basyp ýatyrmak üçin elindäki bar güýjinden peýdalanýanlygyny mälim etdi.

Ol Eýranyň hökümetini halkyň öňe sürýän pikirlerini diňlemäge hem çagyrdy. Ahmedinejadyň iýun aýynda aşa galplaşdyrylanlygy aýdylýan saylawlarda ýeňiş gazanmagyndan bäri halk protest gurnap gelýär.

Protestçiler bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda Eýranly dissident aýatulla Huseýin Ali Montazeriniň ýas merasymy bilen bagly geçirilen çärelerde hem çaknyşyk boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG