Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Awatar" kino sungatyna rewolýusiýa getirdi


18-nji dekabrda „Awatar“ atly film ekrana cykdy. Režissýor Jeams Cameron mundan owal hem „Termintaor“, „Titanik“ ýaly meşhur filmleri döredipdi. Her gezek bu režissýor bir filmi ekrana çykaranda ol kino dünýäsinde rewolýusiýa döredýär diýip, kino synçylary aýdýarlar.

„Awatar“ filmi üçün 250 million dolar sarp edilipdir. Bu filmde adamlar başga planetadan gymmat baha daşlary ýer ýüzine getirmek isleýärler. Bu maksada ýetmek üçin baran adamlar başda Nawi diýen ýerli halky ýok etmegi maksat edinýärler. Emma olary ýok etmek gaty kyn. Şonuň üçin adamlardan ýerli halka meňzeş „Awatar“ döredýärler.

„Awataryň“ borjy ýerli halkyň arasyna girip, olar barada maglumat ýygnamak.Ýone „Awatara“ öwrülen adamlar ýerli halk bilen birlikde adamlaryň garşysna söweşýär we iň soňunda hem ýeňýärler.

Başga bir planeta gidip ol ýerdäki baýlyklary Ýer şaryna getirmek temasy mundan owal hem Golliwudda sahnalaşdyrlypdy. Ýöne bu gezek has ösen animasiýa tehnologiýasyndan peýdalanypdyrlar.

3 demonsionly ekrana gelen „Awatar“ kino äleminde iň sonky kompýuter tehnologiýasy ulanylan film hasaplanýar. Onuň 60-%-i kompýuter arkaly döredilipdir.

Režissýor Jeams Cameron diňe kompýuter däl-de eýsem iň soňky we döwrebap kameralardan hem peýdalanypdyr. Filmiň grafiki işleri bolsa 3 kontinentde - Amerika, Anglýa we Täze Zelandiýada - döredilipdir. Bu kinonyň beýlekilere görä ýene bir tapawudy ýerli halk Nawilaryň hereketleri tebigy ýagdaýda görkezilýär.

Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçysy Taher Shir Mohammadi tarapyndan taýýarlanan “Ýaşlar“ programmasynda ýaşlaryň arasynda çilimkeşligiň hem-de alkogol içgileriniň ýaýraýşy we orta mekdebi gutaran gyzlaryň ýagdaýy barada hem maglumat berilýär.

Bu baradaky gepleşigi diňlemek üçin sahypanyň sag tarapynda ýerleşdirilen audio düwmäni basyň.
XS
SM
MD
LG