Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tährandaky ýörişleri hökümet güýçleri dargytdy


Şu gün Eýranda şaýy musulmanlarynyň belläp geçýän Aşura baýramçylygynyň barşynda ýurduň paýtagty Tähranda protestçileriň hökümete garşy gurnamakçy bolan ýörişlerini hökümet güýçleri dargytdy.

Gözli şaýatlaryň aýtmaklaryna görä, polisiýa güýçleri Tähranda we onuň eteklerinde oppozisiýa tarapdarlarynyň köpçülikleýin üýşmekleriniň öňüni almak üçin berk gözegçilik alyp barypdyrlar.

Bu wakanyň öňýany Eýranyň polisiýa departamentiniň başlygy Ismail Ahmedi Moghaddam bu Aşura baýramçylygynyň barşynda adamlaryň islendik bir dini bolmadyk üýşmeleňlerine garşy polisiýa tarapyndan gazaply çäreleriň gorüljekdigi barada duýduryş beripdi.
XS
SM
MD
LG