Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly ýaşlaryň protestleri güýçlenýär


Soňky günlerde Eýranda prezident Ahmedinejadyň režimine garşy demonstrasiýalar güýçlendi.

Bu protestler 6 aý mundan owal prezidentlik saýlawlarynyň netijelerine garşy başlanypdy.

Häzir bolsa bu saýlawlardan 6 aý geçse-de eýranlylar, hasam ýaşlar öz protestlerini dürli görnüşlerde dowam etdirýärler.

Eýranyň häkimýetleri demonstrasiýalar barada maglumat bermegi daşary ýurtly žurnalistlere gadagan etdi. Ýöne halkara habar beriş serişdeleri eýranly ýaşlaryň internetde ýerleşdirýän wideo ýazgylaryndan peýdalanýarlar.

Asly Eýran türkmenlerinden bolan Ýusup Koruň aýtmagyna görä, eýranly ýaşlar demokratik reformalary isleýärler. Olar paýtagt Tähranda hem-de ýurduň beýleki uly şäherlerinde köçä çykyp talaplaryny öňe sürýärler diýip, Ýusup sözüniň dowamynda Eýranda ýaşaýan türkmenleriň hem bu protestlere gatnaşyklary barada gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçysy Taher Shir Mohammadi tarapyndan taýýarlanan “Ýaşlar“ programmasynda, 2009-njy ýylda türkmen ýaşlarynyň durmuşynda bolan möhüm wakalar hem-de ýaşlaryň täze ýyly garşy alyşlary barada hem maglumat berilýär.

Bu baradaky gepleşigi diňlemek üçin sahypanyň sag tarapynda ýerleşdirilen audio düwmäni basyň.
XS
SM
MD
LG