Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hususy pudaga näme zarba urup biler?


Türkmenistanyň ykdysadyýeti we kadrlar syýasaty barada Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet Uniwersitetiniň professory, Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça bilermen Leonid Abramowiç Fridman bilen Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyndan Altyn Amandurdy gyzy söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Fridman, Türkmenistanda 2010-njy ýyl boýunça tassyklanylan býujetiň umumy girdejisi 17 milliard dollardan gowrak bolup, şol serişdeleriň-de 12 milliardyny 240 sany iri gurluşyga gönükdirmeklik karar edildi. Siziň pikiriňizçe, şeýle gymmat baha durýan gurluşyklary planlaşdyrmak näderejede ýerlikli?

Leonid Fridman: Taýýar kadrlar bolmasa, şeýle gurluşyklar örän howply. Bu ýerde hemme spesialistler gerek: inženerler, işçiler hem ýolbaşçylar zerur. Kadrlar meselesi çözülmese, öz işini bilýän professionallar ýetişdirilmese, şol gurluşyklaryň peýdasy az.

Gaty köp serişde ýele sowrular. Kadrlar meselesini häzirlikçe ýurduň öz adam resurslary bilen çözüp bolmasa, daşary ýurt spesialistlerini çagyrmaly. Emma zerur kadrlar bolmasa, bu gurluşyklar diňe jansyz demir bolup galar.

Azatlyk Radiosy: Leonid Abramowiç, hökümet býujetiniň takmynan 70%-niň gurluşyklara gönukdirlmegine ykdysatçy hökmünde nähili garaýarsyňyz? Şeýle ummasyz serişdeleriň gurluşyklara gönükdirilmegi ykdysadyýete zerur bolan deňagramlylygy bozmazmy? Bu nämä getirip biler?

Leonid Fridman: Men beýleki ýurtlarda edilýän işleriň hemmesine baha berer ýaly özümi aşa akylly adamlaryň hataryna goşmaýaryn.

Emma, meniň pikirimçe, gurluşyga şeýle köp serişde goýbermek çykdajylaryň aşa artmagyna, doly möçberde ulanylmaýan gurluşyk obýektleriniň peýda bolmagyna, serişdeleriň aşa köp sarp edilmegine getirip biler.

Şeýle ýagadaý Orsýetde geçen asyryň 30-njy ýyllarynyň başynda ýüze çykypdy. Şonda ýurtda zorluk bilen industriallaşdyryş prosesi geçirilipdi. Türkmenistan hem şol ýalňyşlyklary gaýtalasa, gynanardym.

Elbetde, hemme zady çaltrak etmek höwesi bardyr, emma bu meselede ýaramaz tejribämiz hem ýok däl. Onlarça, ýüzlerçe desgalaryň gurluşygyna biderek serişde sarp etmek gaty howply.

Başga tarapdan, bu gurluşyklar iň bolmanda wagtlaýyn goşmaça iş ýerlerini döredip biler. Ýöne gereginden artykmaç gurluşyklar uzak möhletleýin kynçylyklara-da getirip biler.

Azatlyk Radiosy: Leonid Abramowiç, Türkmenistan bazar ykdysadyýetine geçmek ugrunda hereket etmäge synanyşýar. Dünýa bankynyň beren maglumatlaryna görä, türkmen häkimiýetleri ykdysadyýetiň 70%-ni hususylaşdyrmagy planlaşdyrýarlar. Emma, mysal üçin, ýurtdaky birža henize çenli döwletiň eýeçiliginde.
Eýsem, hökümetden garaşsyz, özbaşdak hereket edýän birža bazar ykdysadyýetiniň bir alamaty dälmi?

Leonid Fridman: Biržanyň döwlet biržasy hökmünde döredilmegine azda-kände düşünip bolar. Emma ony hemişelik ýa-da uzak möhletleýin hökümetiň gözegçiliginde saklamaklyk ýalňyşlykdyr. Sebäbi onuň biržadygyna garamazdan, şeýle ýagdaýda bu edara hem çinownikleriň dolandyryşy astynda galar. Çinownikleriň bolsa köp ýurtlarda, şol sanda Türkmenistanda-da, korrupsiýa baş urmaklary aňsat zat.

Şonuň üçin biržanyň döwlete degişli däl-de, garaşsyz bolmagy ugrunda hereket etmeli. Belki-de, başda biržanyň gözegçiligi dürli guramalara tabşyrylyp bilner, emma ýuwaş-ýuwaşdan biržany dolandyrmak meselesi professionallaryň eline berlip, ol awtonom bolmaly.

Munuň üçin bolsa hususy pudagy ösdürip, hususy kompaniýalary birža çykmaga ukyply derejä ýetirmeli, bazaryň kada-kanunlaryny gowy bilýän professionallary ýetişdirmeli. Dünýä bazaryny gowy bilýän bilermenleri taýýarlamak ugrunda iş alyp barmaly, sebäbi Türkmenistan dünýä ykdysadyýetiniň bir bölegi bolup durýar.

Ýone ýene-de hakyky ýagadaýy göz öňünde tutup, ýaňky özgerişleri geçirmek zerur. Ýagny, aşa howlukman, gijä hem galman, ýuwaş- ýuwaşdan hemmetaraplaýyn hereket etmeli.

Mysal üçin, häzir Orsýetde ýene Stalin meselesi disskusiýalary döredýär. Ýone, meniň pikirimçe, Staliniň tarapyny tutýanlar onuň eden işlerini goldaýan adamlar däl. Olar soňky döwür Orsýetde geçirilen reformalardan lapykeç bolan adamlar. Türkmenistanda şeýle ýagadaý bolmaz ýaly hereket etmeli.

Azatlyk Radiosy: Leonid Abramowiç, siz bilimli kadrlaryň ýetişdirilmeginiň zerurdygyny aýtdyňyz. Hususy pudagyň ösdürilmeginiň möhümdigini nygtadyňyz. Emma bize gowuşýan maglumatlara görä, häzir Türkmenistanda gowy wezipelere häkimiýet başyndakylara ýakyn adamlar bellenilýär.

Hususy pudakda hem ýokardan goldawy bolan adamlaryň işi ýörgünli bolýar. Ýurtda korrupsiýanyň, tanyşparazlygyň, parahorlugyň bardygy hem bize gowuşýan maglumatlarda aýdylýar. Şu zatlar ykdysadyýete nähili täsir edip biler? Olardan dynmak üçin näme etmeli?

Leonid Fridman: Bu zatlar, gynansak-da, hakyky howpy abandyrýar. Şeýle ýagdaý diňe Türkmenistanda däl, eýse beýleki ýurtlarda-da bar. Bu zatlardan dynmak üçin birinji nobatda edilmeli iş – mümkin boldugyçä köp ýaş oglan-gyzlary daşary ýurtlara okuwa ibermeli.

Azatlyk Radiosy: Leonid Abramowiç, häzir amerikan programmasy boýunça okuwa alnan elliden gowrak student Türkmenistandan çykarylman saklanylýar. Siz şu zatlaryň sebäpleri barada näme pikir edýärsiňiz?

Leonid Fridman: Biz munuň sebäplerine düşünýäris, şeýle dälmi? Bu studentleri kim goýbermeýär? Studentler öz professionallyk derejesi, bilimi bilen geljekde özlerine howp döreder diýip pikir edýän adamlar olary saklaýarlar.

Emma bu ýagdaý hem gaty howply. Bu ýerde iň ýokarky wezipeleri eýeleýänler goşulşmaly. Mysal üçin, Hytaýda häkimiýetler sowatly ýaşlaryň zerurdygyna düşündiler. Häzir Hytaýyň ykdysadyýeti dünýäde iň oöenleriň biri bolup durýar.

Şonuň üçin hökmany suratda kadrlary ýetişdirmeli. Şeýle kadrlar bolmasa, korrupsiýa, tanyşparazlyk, parahorlyk ýaly siziň agzan zatlaryňyzdan dynyp bolmaz.

Elbetde, birden hoşniýetli, arassa, halal professionallaryň peýda bolmagyna hem garaşmaly däl. Ýone liderler hakykatdanam Türkmenistanda ýurduň geljegi barada alada edýän, taryhda gowy şahsyýet hökmünde özlerini tanadasy gelýän bolsalar, onda olar ýaşlary okuwa ibermegiň zerurdygyna berk düşünmelidirler.

Mysal üçin, Hytaýda şeýle şahsyýetleriň hatarynda Den Sýa Pin boldy. Türkmenistanda hem şeýle şahsyýetleriň bardygyna ynanasym gelýär. Ýa-da ýene bir mysal, Taýwanda hatda açgözlügi zerarly Hytaýdaky syýasy täsirini elden gideren konserwatiw Gomindançylar partiýasynyň liderleri Taýwana baryp, kadrlaryň möhümligine düşündiler.

Häzir bolsa Taýwan ýokary girdejili ýurtlaryň toparynda agza bolup durýar. Näme üçin Türkmenistan şol ýol bilen gidip bilmeli däl?

Azatlyk Radiosy: Leonid Abramowiç, geljekde edilmeli işler barada-da iki agyz söz aýtsaňyz.

Leonid Fridman: Men häzirki liderleriň ýagdaýa düşünýändigine ynanýaryn. Köprak institutlary hem uniwersitetleri açmaly. Ýaşlara ykdysady, tehniki bilimi köpräk bermeli, bu ilkinji nobatda edilmeli işdir.

Türkmenistanyň prezidenti belli bir derejede öňki ýalňyşlyklary düzetmäge synanyşdy. Meniň pikirimçe, şol ýol bilen hem has aýgytly ýöremegi dowam etdirmeli. Halka aşa erkinlik bermekden gorkmaly däl. Adamlar edilýän işlere düşünip, olara sarpa goýup bilerler diýip, pikir edýärin.
XS
SM
MD
LG