Azatlyk radiosy: Täze ýylyň öň ýanynda bize bir guwançly habar gelip gowuşdy. "Gün" nesirýatynyň 2009-njy ýylda çagalar üçin şwed dilinde çap eden "Gurbaga näme üçin warryklaýar" atly türkmen halk ertekileriniň ýygyndysy Şwesiýanyn Medeniýet ministrliginiň edebi goldaw-baýragyna mynasyp bolupdyr.
A.Welsapar: Hawa, “Gün” neşirýatynyň “Gurbaga näme üçin warryklaýar” atly kitaby ýaňy-ýakynda Şwesiýanyň Medeniýet ministrliginiň edebi goldaw-baýragyny aldy. Bu biz üçin örän begençli waka boldy. Sebäbi bu türkmen ertekiler kitaplarynyň Şwesiýada indi üçünji gezek baýraga mynasyp bolandygyny aňladýar. Medeniýet ministrligi agzalan kitapdan 300-e golaýyny ýurduň kitaphanalary üçin satyn aldy. Bu-da, elbetde, türkmen bolup, guwanmazça waka däl.
Azatlyk radiosy: Ak Muhammet, şwed dilindäki bu kitap çagalara näme hakda gürrüň berýär? Oňa nähili ertekiler seçilip alyndy?
A.Welsapar: Bu gezekki ýygynda biz sap haýwanlar hakdaky ertekileri girizdik. ”Gurbaga näme üçin warryklaýar” atly kitaba jemi 20 erteki girdi, şolaryň 18-si täzeden işlenen halk ertekileri, iki ertekini-de meniň özüm ýazdym. Şolaryň biriniň ady hem ”Gurbaga näme üçin warryklaýar”.
Kitapdaky ertekiler Türkmenistanda ýaşaýan haýwanlaryň häsiýetlerini, iň bärkisi adamlaryň ol janly-jandarlara ýöňkeýän gylyklaryny görkezýär. Meselem, tilki türkmenlerde mekirje haýwan hasaplanylýar, ýolbars mertligiň, güýjüň we adalatyň simwoly, kepderi pespälligiň, arassalygyň, garynja-da zähmetsöýerligiň simwoly. Garaz, türkmen folklorynda her janly-jandaryň öz häsiýeti bar. Elbetde, ertekiniň gahrymanlarynyň iş ýüzünde adam häsiýetlerini açyp görkezýändigine düşünmek kyn däl.
Azatlyk radiosy: Ol dogry, eger adam hakynda bolmasa, ouň nämä geregi bar. Kitaby şwed diline terjime eden kim?
A.Welsapar: Ertekileri meniň özüm toplap, täzeden işledim. Olary şwed diline terjime eden Didar. Didargeldi Şwesiýada doglan, şol sebäpdenem ol şwed dilini gowy bilýär.
Azatlyk radiosy: Çagalar kitabynyň gymmaty onuň bezeg işlerine bagly bolýar. Gowy derejede bezeg işleri bolmazdan, kitabyň üstünligi barada gürrüň edesi işem ýok. Bu kitabyň bezeg işlerini nähili amala aşyrdyňyz? Kitaby kim bezedi?
A.Welsapar: Bu gezek şwed dilindäki türkmen ertekilerine suratlary zehinli türkmen hudožnigi çekdi. Kitabyň bezeg işleri şol suratlaryň esasynda ýerine ýetirildi. Elbetde, bu-da biziň üçin şowly ädimleriň biri boldy. Sebäbi türkmen ertekilerini türkmen suratçylaryndan gowy bezejegi tapmak kyn. Kitap çykansoň, ol barada ýazylan edebi synlarda türkmen hudožniginiň suratlaryna gowy baha berildi. Emma ol suratlaryň käbiriniň çözgüdniň, ýagny türküläp aýtsaň, durulygynyň pes bolmagy kitabyň hilini birneme aşak çekýär diýip, şwed edebi tankytçylary ýazdylar. Bu-da, elbetde, Türkmenistanda internetiň, komputer tehnologiýasynyň yzagalaklygyndan bolýan zat. Suratlaryň originallary gowam bolsa, skannerden geçirilip, bize iberilen elektron görnüşleri geregiçe dury çykmady.
Azatlyk radiosy: Indi, Ak Muhammet, “Gün” neşirýatynyň çykarýan kitaplarynyň yzly-yzyna dürli baýraklara mynasyp bolmagynyň syrlary barada-da gürrüň edeli. Sebäbi Günbatarda kitap çap etmek medeniýeti örän ýokary. Bulary kitap çykaryp, haýran galdyrmak mümkin däl. Gaýtam özüň bularyň edýän işlerine haýran galýarsyň. Şeýle-de bolsa, “Gün” neşirýatynyň işleri dürli baýraklara mynasyp bolýar. Bu ýerde aýratyn syr barmy?
A.Welsapar: Elbetde, çagalar edebiýatynyň üstünligi köp derejede kitaplaryň bezegine bagly. Gowy bezeg körpeleriň kitaba düşünmegini aňsatlaşdyrýar, oňa söýgi oýarýar. Suratlar gyzykly boldugyça, körpelerde okamaga höwes artýar. Şwesiýada çap edilýän çagalar kitaplary häzirki wagtda hem kitap, hem edil multfilm ýaly. Kitaplardaky bezegler ýöne bir surat däl, olary herekete getirip bolýar. Biz entek şwed kitaplary bilen bu ugurdan bäsleşip bilemzok. Biziň bezeglerimiz ýönekeý gelýär. Biziň kitaplarymyz häzire çenli esasan mazmuny bilen öňe saýlanýar. Türkmen ertekileriniň milli koloriti, olaryň aňyrsynda ýatan baý fantaziýa bizi alyp çykýar. Elbetde, ol ertekileri biz çeperçilik taýdan täzeden işleýäris. Edil könelişen, elden-ele geçip, zeper ýeten žiwopis eserleriniň kemçiligini ussat restawratorlaryň gaýtadan dikeldişi ýaly olary bejermeli, Europa çagalarynyň kabul edip biljek görnüşine getirmeli bolýar. Şonda dilden-dile geçip, käte şikes ýeten ertekiler başky manysynda, emma edil külden çykan zer ýaly, täze bir öwüşgin bilen lowurdap başlaýar. Şeýdibem olar şwed edebiýatçylarynyň, okyjylarynyň ünsüni çekip bilýärler.
Azatlyk radiosy: Türkmen ertekileriniň alys ýurtlarda arzylanmagy guwançly waka. Belki, siz bu ugurdan öz işiňizi ýene-de dowam etdirersiňiz? Umuman, “Gün” neşirýatynyň täze ýyldaky iş planlary nähili?
A.Welsapar: Bu ýyl hem biz türkmen we şwed dillerinde birnäçe kitaplary neşir etmekçi. Olaryň arasynda Magtymgulynyň çagalara niýetlenen şwed dilindäki kitaby, garaşsyz türkmen ýazyjylarynyň türkmen dilindäki kitaplary, şeýle-de, elbetde, ýene-de türkmen halk ertekileriniň täze bir gyzykly ýygyndysy bolar. Bu işleriň daşyndan hem biziň neşirýatymyzda häzir şwed-türkmen sözlügi taýynlanylýar.
Azatlyk radiosy: Biz size geljekde-de döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris!