Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň we Britaniýanyň Ýemendäki missiýalary henizem ýapyk


Diplomatlar Birleşen Ştatlaryň we Britaniýanyň Ýemendäki ilçihanalarynyň howpsuzlyk aladalary sebäpli indi ikilenji gün ýapyklygyna galýandygyny aýdýarlar.

Birleşen Ştatlaryň prezidentiniň terrorizme garşy göreş boýunça geňeşçisi Jon Brennan şenbe güni Al-Kaýdanyň Ýemende hüjüme başlamak planynyň alamatlary bar diýdi.

Prezident Obama Kristmas baýramynda Amerika gelen uçary partlatmaga synanmakda aýyplanýan nigeriýaly raýaty türgenleşdirmekde hem-de ýaraglandyrmakda Ýemendäki Al-Kaýda toparyny günäledi.
XS
SM
MD
LG