Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaz barada Türkiýede hem gowy umytlar bar


Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow Antaliýa şäherindäki duşuşykda, 28-nji awgust, 2009-njy ýyl.
Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow Antaliýa şäherindäki duşuşykda, 28-nji awgust, 2009-njy ýyl.

Azatlyk Radiosy Türkiýäniň Ystambul uniwersitetiniň halkara gatnaşyklary boýunça professory Dr.Nader Dewlet bilen Türkmenistan-Eýran gaz hyzmatdaşlyk meselesi barada ýörite söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Prezident Ahmedinejadyň Aşgabada häzirki saparyna we Türkmen-Eýran gaz gatnaşygyna, umuman, nähili baha beryärsiňiz?

Nader Dewlet

N. Dewlet:
Eýran Türkmenistanyň goňşusy, indi Eýranyň üsti bilen türkmen gazynyň dünýä bazarlaryna çykarylmak mümkinçiligi-de artyp biler. Umumy alnanda, bu Türkmenistan üçin täze bir gazanç çeşmesi bolup biler.

Üstesine, Türkmeniatan bilen araçäkde ýaşaýan 3 million çemesi türkmenler hem bu ylalaşykdan döräp biljek käbir ýeňilliklerden peýdalanyp bilerler diýip oýlanýaryn.

Azatlyk Radiosy: Türkmen-Eýran gaz gatnaşygy regiona nähili täsir edip biler?

N.Dewlet: Türkmenistan-Eýran gatnaşykarynda häzirki proýekt Moskwanyň bähbidine ters bolup görünýäne meňzeýär. Gaz söwdasy babatynda Türkmenisatanyň Moskwa bilen uzak möhletleýin ylalaşyklary bar, ýöne Eýran beýle ylalaşyklardan tapawutlylykda goňşulary bilen gatnaşyklaryny güýçlendirmek isleýän bolmaly. Türkmenistan bolsa, harydyny islän ýerine ýokary bahadan satmagy maksat edinýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmen-Eýran gaz gatnaşyklary Aşgabadyň öz gazyny diwersifikasiýa etmek maksatlaryna nädereje täsir edip biler?

N.Dewlet: Türkmenistana öz gazyny eksport etmek üçin dürli alternatiw ýollar diýseň ähmiýetli. Bu täze ylalaşyk esasynda türkmen tarapynda täze bir mümkinçilik dörär. Orsýet bilen arada nähilidir bir düşünşmezlik ýüze çyksa, Aşgabat başga geçirijilerden peýdalanyp biler. Ýagny, indi ol öz tebigy gazyny Eýrana ýa-da Hytaýa satyp biler.

Azatlyk Radiosy: Jenap Dewlet, bu täze geçirijiler Türkmenistanyň senagat taýdan ösmegine hem-de gazyň girdejisinden türkmen halkyna bähbitlerıň gelmegine ýardam edip bilermi?

N.Dewlet: Ykdysady meselede gaz söwdasyndan gelýän girdejiniň ýurduň senagatlaşmagynda uly roly bolmaly. Üstesine, bu girdejiden peýdalanyp, halkyň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmak meselesi hem durýar. Ýöne gazdan gelýän girdejiniň hasabyna türkmen halky üçin täze iş orunlary dörediler diýip, çak edemok.

Senagatlaşma meselesinde Gazagystany alyp görsek, gazaklar hem köp mukdarda nebiti eksport edýärler. Emma, ol ýerde-de girdejiler ýurduň döwrebaplaşmagyna we demokratiýa tarap ilerlemegine sarp edilmeli.

Azatlyk Radiosy: Hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda näme aýdyp bolar?

N.Dewlet: Elbetde, biz Türkmenistanyň tebigy gazynyň Türkiýä akdyrylmagyny isläp geldik. Bu ugurda «Nabukko» proýektimiz hem bar. Indi Türkmenistanyň gazy Eýranyň üsti bilen Türkiýä akdyrylyp bilner. Öz ýadro programmsy sebäpli Eýranyň ABŞ we beýleki döwletler bilen gatnaşyklarynyň kynlaşyandygyny hem bellemelidiris.
XS
SM
MD
LG