Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaý ikinji hökümet sanawyny hödürledi


Hepdäniň şenbe güni Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý ýurduň parlamentine ýurduň Ministrler kabinetiniň agzalygyna kandidatlaryň täze sanawyny hödürledi. Munuň özi Hamid Karzaýyň täze hökumetiň düzümini tassyklatmak ugrundaky ikilenji synanyşygydyr.

Täze hödürlenen sanawda ozalky meýdan komandirlerinden hiç biri ýok. Ozalky sanawa garanyňda bu gezek Karzaýyň öz ýakyn egindeşlerinden hem bu sanawda örän az adam bar. Käbir synçylar bu täze hödürlenen sanawdan Günbataryňam, Karzaýyň öz garşydaşlarynyňam hoşal bolmaklary mümkin diýip, çak edýärler.

Ýakynda, 2-nji ýanwarda, parlamentiň deputatlary Hamid Karzaýyň Ministrler kabinetine hödürlän 24 adamsyndan 17-ni kabul etmekden ýüz öwürdiler.Munuň özi 2001-nji ýylyň ahyrynda talyp režimi agdarylaly bäri Owganystana ýolbaşçylyk edip gelýän Hamid Karzaý üçin uly şowsuzlyk hökmünde alamatlandy.

Bu gezek ol parlament bilen açyk eglişige gidýänligini aýan edip, täze sanawa ozalky inkär edilen 17 adamdan hiç birini-de goşmandyr.

Täze sanawda jemi 16 adam bar. Hamid Karzaý geçenki ses berlişikde kandidaturasy parlament tarapyndan inkär edilen tanymal meýdan komandiri Ysmaýyl Hanyň ornuna häzirlikçe hiç kimi girizmändir. Ysmaýyl Han özüniň ozalky wezipesine, ýagny suw we energiýa ministriniň wezipesine hödürlenilipdi. Owganystanyň telekommunikasiýa ministriniň wezipesine hem häzirlikçe hiç kim hödürlenmedi.

Owganystanyň wise-prezidenti Muhammed Karim Halili şenbe güni parlamentde täze kandidatlaryň adyny okanda, bu iki ministrlige hödürlenjek kandidatlaryň örän ýakyn wagtlarda belli boljakdygyny aýtdy.

Ministrler kabinetiniň agzalygyna hödürlenen kandidatlaryň täze sanawynda üç sany aýal maşgala bar. Karzaýyň ozalky hökumetinde we onuň geçen gezekki hödürlän sanawynda-da diňe bir aýal bardy.

Tanalýan adamlarmy?


Owganystanly syýasy analitik Ziýa Rafat Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda hökümetiň düzümine hödürlenen bu täze kandidatlardan köpüsiniň kän bir tanalmaýan adamlardyklaryny aýtdy: «Ozalky hödürlenen sanawda aglaba Hamid Karzaýa ýakyn durýan tradision syýasy partiýalardan kandidatlar bardy. Ol partiýalar geçenki prezidentlik saýlawlarynda Hamid Karzaýy goldapdylar. Häzirki hödürlenen sanawda bolsa syýasy partiýalardan haýsysyna degişlidiklerine garamazdan, tradision partiýalaryň hatarynda tanalmaýan kandidatlar bar. Islendik ýagdaýda-da, bu adamlar tradision partiýalaryň resmi agzalary däl. Täze sanawda «Jihadi», ýagny Mujaheddinler partiýasyndan diňe iki aktiwist, iki tanymal şahsyýet bar».

Indi parlamentiň deputatlary bu hödürlenen kandidatlara sorag berip, olaryň çykyşlaryny diňlemeli. Geçen gezek bu proses bir hepdeden gowrak wagty alypdy.

Ýöne parlamentiň spikeri Muhammed Ýunus Kanuny kandidatlara ynam sesini bermek çäresiniň şu hepdäniň penşenbe gününden gijikdirilmän geçiriljekdigine ynam edýändigini aýtdy.

2009-njy ýylyň awgustyndaky prezidentlik saýlawlarynda galplyklarda aýyplanan, soňra-da hökümet üçin hödürlän adamlarynyň aglabasy parlament tarapyndan inkär edilen Hamid Karzaý üçin bu wakalar uly syýasy urgy hökmünde alamatlandy.

Owganystana hertaraplaýyn ýardam berip gelýän Amerikanyň Birleşen Ştatlary we käbir beýleki donor döwletler Hamid Karzaýy korrupsiýa garşy tutanýerli göreşe we gaýragoýulmasyz zerur reformalary durmuşa geçirmäge ukyply hökümeti döretmäge çagyryp gelýärler.
XS
SM
MD
LG