Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýuşenko: «Men bu bäş ýylda iş başarmadym diýmen»


Wiktor Ýuşenko Azatlyk Radiosyna interwýu berýär, 8-nji ýanwar, 2009-njy ýyl.
Wiktor Ýuşenko Azatlyk Radiosyna interwýu berýär, 8-nji ýanwar, 2009-njy ýyl.

Mämişi rewolýusiýanyň Wiktor Ýuşenkony milli gahrymana öwrüp, Ukrainanyň prezidentlik kürsüsinde oturdaly bäri bäş ýyl geçdi.

Ukraina ýene prezidentlik saýlawlaryna barýar. Ýöne 17-nji ýanwarda geçjek saýlawlaryň öň ýanyndaky pikir soralyşyklar Ýuşenkonyň peýdasyna däl. Emma ol Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna beren gürrüňinde öz abraýyny hem-de günbatarçyl pozisiýasyny goramaga çalyşdy.

Wiktor Ýuşenko Ukrainanyň Günbatara tarapdar ilkinji hakyky lideri bolmak ugrundaky göreşde howply zäherlenmeden we köpçülikleýin saýlaw galplygyndan aman gutuldy. Emma muňa garamazdan, bu wakalardan bäş ýyl soňra, 2004-nji ýyldaky rewolýusiýadan soňky ilkinji prezident saýlawlarynyň öň ýanynda geçirilen pikir soralyşyklar onuň il içinde beýle bir meşhur däldigini görkezýär. Ýuşenko ýurdy syýasy baş-başdaklyga getirmekde hem Moskwa bilen islenilmeýän konflikte itermekde tankytlanylýar. Ýöne ol Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda hiç hili gaýtmyşym etmedi.

«Men prezident hökmünde hiç wagt ýüzümi sallaman we şu bäş ýylda öz işimi oňarmadym diýmen. Men bu döwlete onuň gerek zatlaryny getirdim. Eger ol muňa düşünse, bu onuň gutulyşy bolar. Eger ol muňa düşünip bilmese, onda biz, Kuçma döwründäki ýaly, ýene bir 15-20 ýyly ýanukowiçler hem timoşenkolar bilen Kremliň proýekti astynda geçireris. Munuň hem öz bahasy bolar» - diýip Ýuşenko aýtdy.

Ýuşenko Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde prezidentlik saýlawyndaky iki garşydaşynyň haýsy biri utsa-da, olaryň Ukrainany Orsýetiň agalygynyň gujagyna berjegini duýdurdy: «Bu ýerde awtoritarizm howpy görünýär, sebäbi biziň iň gowy Moskwa proýektine wekilçilik edýän, azatlygy, demokratiýany hem «ukrainligi» bir gyra aýyrýan iki liderimiz, Timoşenko hem Ýanukowiç bar. Bu günki gün seçgi gaty ýönekeý – ýa şu kremlçi jübüt hem Kremle tarapdar syýasat ýeňmeli ýa-da ýewropaçyl syýasat ýeňer.»

Ukraina we NATO

Ýurduň gündogaryndaky rus dillileriň köpüsi tarapyndan goldanylýan Ýanukowiç geçen hepde beren interwýusynda eger saýlawda ýeňse, ýurdy NATO-dan daşda saklajagyny aýtdy. Emma öz prezidentligi döwründe NATO agza bolmagy baş meseleleriň birine öwren Ýuşenko harby ýaranlyga ýeňsäňi öwürmegiň ýurduň bähbitlerine urlan zarba boljagyny aýdýar: «Eger ukrainalylar polýaklaryň, çehleriň, slowaklaryň, bolgarlaryň, latyşlaryň, estonlaryň, litwalylaryň, başga kimi sypdyrdym, rumynlaryň, wengerleriň NATO goşulmak jogabyny gaýtalamasalar, eger biz döwlet hökmünde NATO agzalygyna oňyn jogap bermesek, onda biziň garaşsyzlygymyz bolmaz. Biz öz demokratiýamyzy ýitireris.»

Ýöne Ukrainanyň syýasy durmuşyndaky özara dawalar, munuň üstesine-de ýurduň agyr ykdysady ýagdaýy Ýuşenkonyň NATO hem Ýewropa Bileleşigine goşulmak tagallalaryna aýakbagy boldy. Netijede harby ýaranlyk 2008-nji ýylda Ukrainanyň Ýaranlyk hereketi planyny, NATO agzalygy üçin aýgytly taýýarlyk basgançagyny ret etdi.

Ýuşenko Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde Ukrainanyň Günbatar ýurtlary bilen integrasiýa meselesindäki haýal-ýagallygyny Timoşenkodan görýändigini aýtdy: «Şu günki günde Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigine tarap kän bir ümzük atmaýandygy mese-mälim zat. Bu ÝB-niň problemasy däl, bu biziň problemamyz. Reformany diňe premier-ministr geçirip biler, emma biz reformasyz otyrys. Häzir biz öz iň agyr krizisimizi başdan geçirýäris. özem bu Ýewropa ýa dünýä krizisi sebäpli dörän krizis däl. Bu krizis Hruşewskiý köçesinde, ýedinji gatda, Ukrainanyň premier-ministriniň ofisinde ýerleşýär.»

Ýanukowiç bilen Timoşenko, eger saýlawda ýeňiş gazansalar, bu ýeňşi Ýuşenkonyň günbatarçyl pozisiýasy netijesinde barha duşmançylykly ýagdaýa uçran Moskwa bilen gatnaşyklary gowulaşdyrmak üçin ulanjakdyklaryny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG