Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

1-nji we 2-nji Gökdepe söweşleri


Rus-türkmen uruşlarynyň aýgytly fazalary Gökdepe galasynda bolup geçdi. 1-nji Gökdepe urşunyň aýgytly güni 1879-njy ýylyň 28-nji awgustydy. Şol gün gala çozan rus goşuny yzyna serpikdirilip, gaçyp gitmäge mejbur edilipdi.

Nurberdi Nurmämmedow
Şol urşa gatnaşan rus ofiseri W.A. Tugan-Mürze Baranowskiniň «Ruslar ahaltekede, 1879» atly kitabyndan käbir parçalary ulanmagy makul bildim. «…tekeleriň suwaryş tärleriniň aňrybaş kämildigini hem-de adatdan daşary dürsdügini adalatyň hatyrasyna bellemek gerek». «Olar (tekeler) fanat däl, ýöne muňa garamazdan, ajaly asla äsgermeýär we onuň bilen ýüzbe-ýüz durýar».«Ajaýyp çapyksuwar we ýaragy birkemsiz ulanyp bilýän tekeleriň özi çäksiz batyr adamlar we olar hatda öz duşmanlarynyň batyrlygyna-da hormat goýýar».

«Her bir teke söz berenden soň, hiç haçan hatda janyny gurban etmeli ýa-da azatlykdan elini üzmeli bolsa-da, wadasyny bozmaz. Aslynda tekeler örän ukyply adamlar, diýseň telekeçi hem-de watanyny ýürekden söýýär. Biz ine şeýle duşman bilen güýç synanyşmalydyk, ýöne şol döwürde, Bendesenden ugramyzda, biziň tekeler, olaryň gylyk-häsietleri, güýji we durnuklylygy barada bilýän zatlarymyz juda ujypsyzdy».

«Biz duşmanymyzyň söweşjeň ukyplaryna baha beremizde ýalňyşýardyk, onuň ýanbermezligi, ajaly asla äsgermezligi we gözsüz batyrlygy hakynda hiç zat bilmeýärdik».

«Söweşden öň biz duşmany äsgermeýärdik – söweşden soň bolsa oňa çuňňur hormat goýup başladyk».

«Tekeler dag geçidini eýelän bolsalar, biziň aman gaýdyp gelmegimiz gümanady».

«Köpetdagyň belentliginden oazise gözi düşende, hemmeler gör nähili begenipdi. 7-nji sentýabrda otrýad ýene-de şol belentlikde bolar, ýöne gutarnykly kül-peýekun edilmekden gutulmak üçin, oazisden howul-hara yza çekilýänligi sebäpli bolar diýilse, 22-nji awgustda hiç bir adam ynanmazdy».

«Şeýlelikde, 1879-njy ýylyň ekspedisiýasy şowly bolmady, ýogsa onuň üçin 10 million manatdan gowrak serişde sarp edilipdi, ençeme aýlar taýýarlyk görlüpdi, Kaspiniň gündogar kenaryna kawkaz goşunynyň saýlama bölümleri ozal görülmedik möçberde eltilipdi».

Tugan-Mürze Baranowskiý ruslaryň 1-nji Gökdepe urşunda ýeňilmekleriniň üç sany esasy sebäbiniň bardygyny ýazýar. Şolaryň biri: .duşmanyň asla tanalmazlygy we onuň hiç äsgerilmezligi.

Türkmenleriň ruslardan üstün çykmagy rus goşunynyň ýeňilmezekligi baradaky legendany puja çykarypdyr. Ruslaryň üstünden bütin Ewropa, esasanam Angliýa gülüpdir. Ruslaryň janyýangynlyk bilen ýazmagyna görä, olaryň boýun egdiren hanlaram ekezlenip, olara tekeler bilen nähili uruşmalydygy barada içýakgynç maslahatlar iberipdirler: Buharanyň emiri Gökdepä söweş etmäge 100 müňlükden pes bolmadyk armiýasyz barmazlygy maslahat berse, hywa hany Gökdepä garşy hereketden büs-bütin el çekmegi ündäpdir. Eýranlylar bolsa, tekeler bilen garpyşma urşa girmezligi ruslara towakga edipdirler.

Emele gelen ýagdaýyň regionda rus basybalyjylaryna garşy azat ediş hereketiniň döremegine itergi bermegi mümkindi. Ruslar muňa düşünipdirler. Şonuň üçin olar haýdan-haý tekeleri bütin regiona sapak bolar ýaly gyrmagyň wagşyýana planyny çekmäge girişipdirler.

1-nji Gökdepe urşundan soň, 1879-njy ýylyň gyşyna imperator Aleksandr 2-njiniň garamagyna Ahalteke oazisini boýun egdirmegiň birnäçe plany we proekti hödür edilýär. Şolaryň içinde Tergukasowyň plany Ahalteke oazisini 40 million manat çykdajy edip, 4,5 ýylda boýun egdirmegi göz öňünde tutupdyr. Şeýle möhletli uruş Aleksandr 2-njini kanagatlandyrmandyr. 4,5 ýyllyk urşuň dowamynda türkmenleriň Tejene, Mara çekilip, tükeniksiz partizançylyk urşuny gurnamaklaryndan gorkulypdyr. Aleksandr proýektleriň hiç biri bilen ylalaşman, ýanyna general Skobelewi çagyrypdyr. 37 ýaşly Skobelew ol ýerden eýýäm gurnalýan ekspedisiýaň başlygy bolup çykýar.

Skobelewiň garamagyna 84 sany çalt atýan top hem-de harby tehnikanyň täzelikleri bolan pulemýotlar, optiki hem-de elektrik signal gurallary, aerostatlar bilen üpjün edilen 13 müňlük armiýa berilýär. Goşunyň azygyny we enjamlaryny daşamak üçin, 10 müň düýe ulanylypdyr.

Gökdepe galasyndaky tekeleriň sany barada dürli-dürli maglumatlar bar. Grodekowyň ýazmagyna görä, Gökdepäni goraýjylaryň sany 30000 çemesi bolup, olaryň içinde marylylar, saryklar, alililer hem çarwalar bolupdyr. Goraýjylaryň 10000 töweregi atly goşuny bolupdyr. Galada ýaşaýan ähli ilatyň sany bolsa, 45000-e etýän eken. Galany goraýjylaryň 5000-e golaý tüpeňi, olaryňam 600-si 1-nji Gökdepe urşunda olja alnan tiz atýan tüpeň; bir mis topy we iki sany stanokly çoýun zembüregi bolupdyr. Sowuk ýarag, gylyç hem naýza goraýjylaryň hemmesinde bar eken. Ruslar syryga daňlan gyrkylygam naýza hasaplamaly bolupdyrlar. 14-15 ýaşly çagalaram özlerini ruslara goragçy diýdirerçe söweşipdirler.

Gabaw döwründe, ýagny 28-nji we 30-njy dekabrda türkmenler ruslardan 2 topy olja alýarlar, emma ulanyp bilmeýärler, şol toplardan atylan snarýadlar partlamandyr.

Ine, ýurdunyň azatlygyny janyndan eý görýän, bar güýji ýaraga däl-de, ruhy baýlygyna daýanýan bir topbak halkyň üstüne basybalyjy rus imperiýasy iň ötgür ýaraglar bilen ýaraglanan goşunyny ikinýi gezek sürýär. Öz adaty taktikalaryny ulanýan tekeleriň üznüksiz hüjümleri bilen halys irizilen rus goşunyna 7 aýlyk ýöriş bilen 20 günlük gabaw ýeňil düşmändir. Emma Ýaraga gelende, ruslaryň hiç bir jähtden deňeşdirer ýaly bolmadyk artykmaçlygy, olaryň mümkinçiligini artdyrýardy. Şonda-da erkana halk duşmana sebitde görmedik garşylygyny görkezdi. Mertligi bilen özüni dünýä tanatdy. Nesillerine Watany söýmegiň nusgasyny görkezdi. Gökdepe urşunda ýarag, diňe ýarag utdy. Muny hemmeler, şol sanda ruslaram tassyklaýarlar.

Gökdepe uruşlarynda Gara Batyr, Amangeldi Gönibek, Orazmämmet han, Berdimyrat han ýaly ýüzlerçe gahryman edermenligiň hem adamkärçiligiň taryhyna girdiler.

Çeşmesi: Rus taryhy çeşmeler.
Nuberdi Nurmämmedow aşgabatly graždan aktiwisti. Makalada beýan edilen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG