Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýrana garşy ähtimal sanksiýalar maslahat ediler


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klintonyň aýtmagyna görä, Obamanyň administrasiýasy ýadro ambisiýalaryndan el çekdirmek üçin Eýrana basyş görkezmegiň oňat ýoly Tähranyň garşysyna sanksiýa girizmek diýen netijä gelipdir.

Bu baradaky karar dogrusynda şu hepde BMG-niň karargähinde Orsýetiň, Hytaýyň, Britaniýanyň, Germaniýanyň we Fransiýanyň diplomatlary bilen duşuşykda maslahat ediljek, şonda Eýrana garşy halkara sanksiýanyň güýçlendirilmegi barada pikir alşyljak.

Waşington we onuň günbatardaky ýaranlary Eýranyň urany baýlaşdyrmak bilen ýadro ýaragyny edinmäge dyrjaşýanlygyndan howatyr edýär, Tähran bolsa urany pes derejede baýlaşdyryp, ony ýadro energiýasy üçin peýdalanjagyny aýdýar.

Ýadro babatyndaky işlerini gizleýänligi üçin BMG häzire çenli Eýrana üç tapgyr sanksiýa girizdi. BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň urany baýlaşdyrmagy togtatmaly diýen çagyrşyna Tähranyň gulak gabartmanlygy üçin Birleşen Ştatlar, Fransiýa we Britaniýa sanksiýalaryň dördünji tapgyryny girizmeli diýip, aýak direýärler.

Moskwa bilen Hytaý meýilli däl

Ýöne Moskwa bilen Hytaý goşmaça sanksiýa girizmek meselesine onçakly meýilli däl hem-de Howpsuzlyk geňeşinde bar bolan weto hukugyndan peýdalanmak isleýärler. Waşington bolsa Eýran meselesinde olar bilen ýaranlyga ymtylýar. Şu aý Howpsuzlyk geňeşine ýolbaşçylyk etjek Hytaý Eýrana täze sanksiýa girizilmegine garşy durjakdygyny aýdýar.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Klinton bolsa 5+1 döwletleriň nobatdaky maslahatynda Eýrana giriziljek sanksiýalaryň näderejede boljagynyň öwreniljegini öňe sürdi.

Duşenbe güni Ýuwaş okeany döwletlere dokuz günlük sapara çykan Klinton Tähranda syýasy hem söwda babatynda karar kabul edýän kiçi topara däl-de, sanksiýalaryň has täsirli bolmagy üçin hakyky karar kabul edýänleriň nyşana alynmagynyň akylly hereket boljagyny aýtdy.

Moskwa we Madrida sapar ediler

Şol bir wagtyň özünde-de syýasay meseleler boýunça Döwlet sekretarynyň kömekçisi William Bruns şu hepde Moskwa we Madrida sapar edip, Eýran meselesini Kreml we Ýewropa Bileleşiginiň resmileri bilen geňeşjekdigini mälim etdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili Krowley Brunsiň çarşenbe güni Moskwa, penşenbe güni bolsa Madride barjagyny aýtdy: «Eger biz Ýewropa Bileleşigi bilen bile hereket etsek, onda gepleşikler babatynda tory giňden atdygymyz bolar, bu gaty möhüm mesele, wagt bolsa gyssagly, birnäçe döwletler bilen bu hakda gepleşik alyp bararys we men gepleşikleriň bir ölçeginiň boljakdygyna garaşýaryn».

Eýranda haýsy topara garşy sanksiýanyň täsirli boljagyny Klinton anyk beýan etmese-de, harbylardan özbaşdak hereket edýän rewolýusiýany goraýan elitany göz öňünde tutan bolmaly, sebäbi pasdarlar elitasy soňky döwürde ýurduň ykdysadyýetine agalygyny artdyryp başlady. Sanksiýada esasan Eýran resmileriniň saparyna gadagançylyk girizmek we olaryň maliýe hasaplaryny doňdurmak maksat edilýär.

5+1 toparynyň maslahatynda “Rewolýusion gwardiýanyň” eýeçiligindäki kompaniýalaryň we guramalaryň garşysyna sanksiýa girizmek hakynda-da pikir alşylmagy mümkin.
XS
SM
MD
LG