Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň premýer ministri Moskwada


Türkiýäniň premýer ministri Rejep Taýyp Ärdogan Orsýede edýän saparynyň ikinji güninde bu ýurduň prezidenti Dimitriý Medwedew we premýer ministri Wladimir Putin bilen duşuşýar.

Şol duşuşyklaryň esasy temasy energiýa, ykdysady we howpsuzlyk boýunça bu iki ýurduň arasynda barha artýan hyzmatdaşlykdan ybarat bolar.

Bu iki ýurt Gara deňziň üsti bilen gaz akdyrýan we “Mawy akym” diýlip atlandyrylan turba boýunça hyzmatdaşlyk edýärler.

Bu iki ýurduň ýolbaşçylary “Günorta Akym” we “Samsun-Jeyhan” gaz geçirijisini gurmak boýunça hem gepleşiklerini dowam etdirip, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy has giňeltmäge synanyşýarlar.

Henize çenli kämilleşdirilmedik “Günorta Akym” proýekti Hazar deňziniň gazyny Ýewropa akdyrjak “Nabukko” turbasyna bäsdeş hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG