Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň Ysraýyldaky ilçisini yzyna çagyrmagy mümkin


Ankara, eger Ysraýyl türk ilçisi bilen bagly ýüze çykan mesele boýunça şu gün agşama çenli Türkiýeden ötünç soramasa, bu ýurtdaky ilçisini yzyna çagyrjakdygyny aýtdy.

Bu dartgynlyk duşenbe güni bu iki ýurduň diplomatlarynyň arasynda bolan duşuşykda başlapdy. Ankara şol duşuşykda Ysraýylyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Türkiýäniň Ysraýyldaky ilçisini kemsidenligini aýdýar.

Ysraýylly wekil Danny Aýalon türk telekanalynda görkezilen bir teleseriýal bilen bagly protest etmek üçin türk ilçisini ministrlige çagyrypdy.

Şol seriýalda Ysraýylyň aňtaw gullugynyň bir işgäri wagşy hökmünde görkezilýär. Ysraýylly ýolbaşçy bu herekete jogap hökmünde Türkiýäniň ilçisini öz edarasyna çagyryp, ony özünden pes ýerde oturtdy hem ilçi bilen elleşip görüşmedi.

Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netenýahu Aýalonuň bu baradaky şikaýatynyň dogrudygyny aýdyp, bu protest diplomatik usullara gabat gelýän äheňde beýan edilmelidi diýdi.
XS
SM
MD
LG