Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-özbek komissiýasy maslahat geçirdi


Düýn Aşgabatda türkmen-özbek hökümetara komissiýasynyň 5-nji maslahaty geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýörite wekilçilikli delegasiýalary gatnaşdylar.

Türkmen-özbek hökümetara komissiýasynyň bu maslahatynda taraplar Türkmenistan bilen Özbegistanyň söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlar boýunça özara hyzmatdaşlyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekligiň dürli ugurlary barada pikir alyşdylar.

Şu 2010-njy ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Daşhowuz welaýatynda iki ýurduň dostluk-doganlygyna bagyşlap ýörite festiwal geçirmek barada türkmen lideriniň öňe süren inisiatiwasyna özbegistanly resmiler ýokary baha berdiler - diýip, «Türkmenistan Altyn asyr» internet saýty habar berýär.
XS
SM
MD
LG