Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakda 11 adam ölüm jezasyna höküm edildi


Yragyň paýtagty Bagdatda awgust aýynda bolan bomba partlamalary bilen bagly 11 adam ölüm jezasyna höküm edildi. Şol partlamalarda 100 adam heläk bolupdy.

Yragyň adalat sistemasynyň wekiliniň aýtmagyna görä, şol partlamalary amala aşyranlykda aýyplanýan 11 adamyň dardan asylyp öldürülmegi barada karar kabul edilipdir.

2009-njy ýylyň awgust aýynda maşyna ýerleşdirilip amala aşyrylan şol partlamalarda maliýe hem daşary işler ministrligi nyşana alynypdy.

Hökümet bu wakany amala aşyranlykda Al-Kayda toparynyň agzalaryny we Saddam Husiýinyň tarapdarlaryny aýyplapdy.
XS
SM
MD
LG