Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň täze energiýa komissary we "Nabukko"


Prezident Ylham Aliýew we Guenter Oettinger Azerbeýjanda, 12-nji awgust, 2009-njy ýyl.
Prezident Ylham Aliýew we Guenter Oettinger Azerbeýjanda, 12-nji awgust, 2009-njy ýyl.

Ýewropa Bileleşiginiň energiýa meselesi boýunça täze saýlanan komissary Guenter Oettinger penşenbe güni Ýewropa parlamentiniň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetinde eden çykyşynda bileleşigiň Orsýet bilen öz gatnaşyklaryny ýaramazlaşdyrmazdan, oňa bolan energiýa garaşlylygyndan çykmalydygyny nygtady.

Guenter Oettingeriň ”Nabukko” proýekti bilen baglanyşykly eden çykyşynyň özeni aglaba hut şuňa syrykdy. Mälim bolşy ýaly, Ýewropa üçin strategik taýdan möhüm gaz proýekti hasaplanylýan ”Nabukko” proýekti Hazar sebitiniň gazyny Orsýetden sowa Günbatara akdyrmaklygy maksat edinýär.

Guenter Oettinger öz çykyşynda Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň gazy Ýewropa Bileleşigi üçin hem elýeterli bolsa, munuň gowy boljakdygyny, emma, beýleki tarapdan, bu ugurdaky tagallalaryň Orsýetiň bütünleý çetleşmegine hem getirmeli däldigini aýtdy.

«Men Orsýetiň gazyna garaşlylygymyzy başga alternatiwler bilen çalyşmaga-da mümkinçilik görýärin. Ýagny, Orsýet bilen öz aramyzda soňky onýyllyklaryň dowamynda döredilen we geljekki onýyllyklaryň dowamynda-da ösdürilip bilinjek partnýorlyk gatnaşyklarymyzy azaltmazdan, energiýa taýdan oňa bolan garaşlylygymyzy çäklendirmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny gorýärin» diýip Guenter belledi.

Şeýle hem jenap Oettinger Orsýetiň Ýewropa täsir etmäge çalyşýandygyna hem düşünýändigini, ýöne munuň üçin Ýewropa Bileleşiginiň howsala düşüp durman, Orsýeti inwestisiýa hem-de söwda boýunça köp sanly beýleki uly gerimdäki özara ykdysady-senagat gatnaşyklary bilen gyzyklandyrmalydygyny nygtady.

Bar bolan aladalar


Ýöne, beýleki tarapdan, Orsýetiň täsirleri baradaky aladalar hem ýöne ýerden ýüze çykman, anyk statistiki görkezijilere esaslanýar. Ýagny, umumy alnanda, häzirki wagt Ýewropa Bileleşiginiň ulanýan gazynyň we nebitiniň 50 prosenti Orsýetden gelýär. Bu ýagdaý häzirki depginde ösüp gidip otursa, 2020-nji ýyla çenli bu san 70 prosente çenli baryp ýeter diýlip garaşylýar.

Polşanyň we Baltika ýurtlarynyň hökümetleri şu çaka çenli Orsýetiň öz energiýa eksportyndaky agalygyny syýasy maksatlar üçin ulanýanlygyndan şikaýat edip gelýärler.

Ýöne, beýleki tarapdan, Ýewropa Bileleşiginiň energiýa meselesi boýunça täze saýlanan komissary Guenter Oettingeriň ”Nabukko” konsorsiumyna girýän Germaniýanyň RWE hem-de EON kompaniýalary bilen ýakyn baglanyşygynyň barlygy hakdaky habarlar hem peýda boldy.

Käbir synçylar, eger bu habarlar hakykata laýyk gelýän bolsa, Guenter Oettingeriň Bileleşigiň energiýa komissary hökmünde bitarap syýasat alyp baryp bilmejekdigini öňe sürýärler. Bu meselede synçylar Guenter Oettingeriň ýagdaýyny häzirki wagtda Orsýetiň ”Gazprom” kompaniýasyndan hak alýan Germaniýanyň ozalky kansleri Gerhard Şröderiň ýagdaýy bilen deňeşdirýärler.

Ýewropa Bileleşiginiň energiýa komissary hökmünde Guenter Oettingeriň öňünde ykdysady ösüş, atmosferanyň hapalanmagy we klimatyň özgermegi ýaly dawaly meseleler boýunça-da örän jogapkärçilikli wezipeler dur.

Azerbeýjan we Türkmenistan oýlandyrýar

Penşenbe güni Guenter Oettinger Ýewropa parlamentindäki çykyşynyň barşynda energiýa importynyň Bileleşigiň daşarky syýasatyna ýetirjek täsirleri barada Gündogar Ýewropa ýurtlaryndan käbir deputatlaryň beren soraglaryna jogap berip, şeýle diýdi: ”Nabukko” proýektine gezek gelende, elbetde, biz öňi bilen daşarky syýasata degişli meseleleri maslahatlaşmaly. Ýagny, biz özümiziň esasy gymmatlyklarymyza şeýle bir hormat goýmaýan ýurtlar bilen bu ugurdaky hyzmatdaşlyklarymyzyň öz daşarky syýasatymyza ýetirjek täsirleri barada-da pikirlenmelidiris».

”Nabukko” turbageçirijini gaz bilen üpjün etmeli esasy ýurtlardan biri Azerbaýjan demokratik ýurt däl. Birneme soňrak bu proýekte özüniň uly energiýa ýataklaryndan gaz akdyryp başlar diýlip garaşylýan Türkmenistan bolsa iň bir ýaramaz görnüşdäki repressiw režimli ýurt hasaplanylýar. Biznes hyzmatdaşlyklarynda-da bu iki ýurduň ikisem Ýewropa Bileleşiginde uly bir ynam döretmeýär.

Ýakynda Türkmenistan Hytaýa ýylda 40 milliard kubometr, Eýrana 20 milliard kubometr we Orsýete-de 30 milliard kubometr gaz akdyrmaklygy karar etmek bilen Ýewropa Bileleşiginde uly alada döretdi. Çünki, Brýusseliň resmileriniň pikirine görä, bu eksport ediljek gazyň umumy möçberi Türkmenistanyň häzirki eksport mümkinçiliginiň ýokary çäklerini görkezýär.

Ýewropa Bileleşiginiň energiýa meselesi boýunça täze komissary Guenter Oettinger ”Nabukkonyň” gurluşygy barada şu üstümizdäki ýylda ahyrsoňy gutarnykly netijä gelner diýip, umyt edýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG