Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kompýuter we türkmen dili


Türkmen ýaşlary kompýuter boýunça rus ýa-da iňlis terminlerini ulanýarlar. Türkmenistanyň okuw jaýlarynda informatika we kompýuter boýunça sapak geçilende käbir terminler türkmen dilinde ulanylýar, ýöne olaryň käbirleri terjime edilmeýär.

Studentler ýa okuwçylar türkmen diline terjime edilen sözleri gowy bilenoklar. Sebäbi olar şol terminleri diňe teoriýada öwrenýärler.

Mobil telefonlarda hem türkmen elipbiýi we programmasy ýok diýip, spesalistler belleýärler.

Eýsem şu wagta çenli türkmen dilinde ýeterlik kompýuter programmalary döredildimi? Türkmen informatikaçylar we hökümet bu ugurda nähili işleri etmeli?

Biz şeýle sowallary Norwegiýanyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde bilim alýan ýaş türkmen informatikaçysy Nazara bermekçi.

Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçysy Taher Şir Mohammadi tarapyndan taýýarlanan “Ýaşlar“ programmasynda Google korparasiýasynyň Hytaýdan gitmegi göz öňündne tutmagy barada hem maglumat berilýär.

Bu baradaky gepleşigi diňlemek üçin sahypanyň sag tarapynda ýerleşdirilen audio düwmäni basyň.
XS
SM
MD
LG