Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Twitter” ýa-da Ukrainadaky demokratik ewolýusiýa


“Men ýaňy-ýakynda berlen sesleriň nähili sanalmalydygy barada sapak berdim”. Bu Neman 44 ady bilen hem tanalýan 37 ýaşyndaky aktiwist Oleksiý Britugyň Ukrainada 17-nji ýanwarda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň ertesi güni, ýagny duşenbe güni, irden “Twitter” arkaly ýaýradan maglumatyndan bir bölekdir.

Gündogar Ukrainada ýerleşýän Lugansk şäheriniň ýaşaýjysy bolan Brituk Orsýetiň serhediniň golaýyndaky we prezidentlik saýlawlary boýunça 106-njy regional saýlaw kommissiýasynyň agzasydyr. Onuň wezipesi 17-nji ýanwarda geçirilen ses berlişikden soňra saýlaw bölümleriniň region boýunça netijelerini alyp, merkezi saýlaw kommissiýasynyň resmilerine ýetirmekdi.

Brituk ses berlişik boýunça bu ýyl täze bir tehnalogiýadan peýdalanyp, mobil telefony arkaly 106-njy komitetde berlen sesleriň netijesini “Twitter” websahypasynyň üsti bilen dünýä jemgyýetçiligine ýetirdi.

Brituk “Saýlaw UA” ady berlen proýekte gatnaşýan 100 töweregi aktiwistlerdendir žurnalistlerden biridi. Bu proýektiň maksady saýlawlaryň ilkinji tapgyrynyň netijesini “Twitter” arkaly ýaýratmakdan ybaratdy.

Saýlawlaryň ikinji tapgyry bolsa premýer-ministr Ýuliýa Timoşenko bilen oppozision lider Wiktor Ýanukowiçiň arasynda 7-nji fewralda geçiriler.

Brituk “Twitter” ýaly aragatnaşyk serişdeleriniň alyp barýan işiniň Ukrainada demokratik ewolýusiýanyň ösüşiniň bir alamatydygyny aýtdy.

2004-nji ýyldaky saýlawlar

2004-nji ýylda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň dowamynda Ukrainada obýektiw bolmadyk mediany demokratiýalaşdyrmak barada käbir tagallalar edildi. Emma bu aladalar başa barmandy. “Meniň pikirime görä, “Twitter” websahypasynyň filasofiýasy wakany gözi bilen gören adamlaryň öz edýän işlerini we gören zatlaryny “Twitter” sahypasynda çap etmäge höweslendirmekdir. Şunlukda ähli adamlar habarlary wagtly-wagtyna okap bilýärler” diýip, Brituk aýtdy.

Ol 2004-nji ýylda geçirilen saýlaw kompaniýalary bilen deňeşdirilende bu ýylky aladalaryň tapawutly bolanlygyny aýdyp, kandidatlaryň öz pikirlerini we pozisiýalaryny halka ýetirmek üçin täze tehnalogiýalardan peýdalanmaga has köp ýykgyn edenligini aýtdy.

Ol häzirki döwürde ýonekeý ilatyň hem öz maksatlary boýunça medianyň täze görnüşlerinden peýdalanmaga taýýardygyny aýdyp, sözüni şeýle dowam etdirdi: “Jemgyýetimiziň tehnalogiýa taýdan ösen gatlagy we, umuman aýdylanda, ýaşlar has gyzykly, köp ugurly hem täze maglumatlary aldylar. Klassiki websahypalar we internet bloglary, şol sanda “Twitter” barada gürrüň edýärin. Meniň pikirimçe, täze medianyň halk arasynda has ýaýrap başlanlygyny aýdyp bolar”.

“Saýlaw UA” proýekti

Witaliý Moroz
“Saýlaw UA” proýekti “Internews” guramasy tarapyndan ýola goýuldy. Witaliý Moroz “Internews” guramasynyň media böýunça bölüminiň ýolbaşçysydyr. Ol bu proýektiň maksadynyň saýlawlaryň mümkin boldugyndan aç-açanlykda geçirilmeginden, şeýle-de ses berlişik barada žurnalistleri we sesleri sanaýan toparlary goşmaça maglumat bilen üpjün etmekden ybaratdygyny aýtdy.

Halkara guramalary Ukrainada ýekşenbe güni geçirilen saýlawlaryň, umuman aýdylanda, erkin we adalatly geçirilenligini mälim etdiler. Moroz hem bu netijäniň özüni begendirenligini aýtdy: “Twitter” aragatnaşyk serişdesi maglumaty halka ýetirmek boýunça iň täsirli mümkinçiliklerden birine öwrüldi. Biziň ýöriteleşdirilen websahypamyzda “Twitter” arkaly iberilen 100 000 töweregi tekst bar”.

Saýlawlar boýunça “Twitter” arkaly berlen bu maglumatlardan näçe adamynyň peýdalananlygyny aýtmak kyn, emma Orsýetiň “Ýandex” kompaniýasynyň Ukrainadaky bölüminiň maglumatyna görä, Ukrainada “Twitter” websahypasy bolanlaryň sany 17 000 töweregidir.
XS
SM
MD
LG