Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obamanyň kasam kabul etmeginden bir ýyl geçdi


Amerikan prezidenti hökmünde Barak Obamanyň kasam kabul etmeginden we «umyt hem özgerişler» döwrüniň yglan edilenine bir ýyl geçdi. Ýöne pikiri soralanlaryň ýarysy Barak Obamadan beren sözlerinde tapylmanlykda nägiledigini mälim edipdirler. Galan ýarysy bolsa oňa ýurdy dogry ugurdan alyp barýar diýip, bahar beripdirler.

ABC telekanalynyň we “Waşington Postuň” geçiren pikir soralyşygynda adamlaryň üçden bir böleginden gowragy Obama bolan ynamynyň pese gaçandygyny mälim edipdirler. 47%-i bolsa şu geçen 12 aýda Obamanyň öz işini uly möçberde başarandygyna ynanýandygyny beýan edipdirler.

Soňky döwürde saýlanan beýleki prezidentlere garanyňda Obama birgiden etjek işlerini öňe sürdi, şol sanda Yrakdan amerikan harbylaryny yzyna çagyrmak, Owganystandaky uruşda ýeňiş gazanmak, amerikan ykdysadyýetini güýçlendirip, krizisden halas etmek, işsizligiň artmagynyň öňüni almak we saglygy saklaýyş pudagynda reforma geçirmek ýaly maksatlar orta atylypdy.

Saýlaw wagty hem-de kasam kabul ediş wagtynda bar bolan optimizmiň ýerine problemalaryň tizara çözülip bilinemjekdigi baradaky hakykat ornaşdy, bu bolsa adamlaryň sabyr käseleriniň dolmagyna sebap boldy.

Obama agyr düşen bir mesele

Obama agyr düşen bir mesele-de 19-njy ýanwarda senata, Massaçusetde geçirilen saýlawlarda öz partiýasynyň ýeňilmegi boldy. Geçen ýyl aradan çykan demokratik partiýadan senator Ted Kennediniň ornuna Respublikan partiýadan, Obamanyň saglyk reformalaryna garşy çykyş edýän Skot Brown geçdi.

Ýeňiş gazanandan soňra eden çykyşynda Brown şeýle diýdi: «Bir zat diýseň aýdyň, men ýurduň dürli ştatlaryna sapar etdim, adamlar boýunlaryna mejbury ýagdaýda dakylan trillion dollarlyk saglyk reformasyny islänoklar, bu amerikan halkyny mejbur etmek bolýar».

Brownyň saýlanmagy senatda 60 orna eýe bolan demokratlar üçin Obamanyň saglyk reformasyny kabul etdirmek indi biraz kynlaşjaga meňzeýär.

Asyrlar bäri dowam edip gelýän etnik bölünişik bilen bagly problemada Obama döwründe özgerişlik bolmagyna Amerikanyň garaýagyzlary bil baglapdylar. Geçen ýyl amerikanlylaryň 58%-i bu saýlaw akýagyzlar bilen garaýagyzlaryň arasyndaky gatnaşyklary sazlaşdyrar diýip, umyt edipdiler, indi bu san 41%-e çenli azaldy.

"Garaşylmadyk synaglara döz gelmegi başardy"

72 ýaşly amerikaly garaýagyz Karlos Kampbell oppozision Respublikan partiýanyň agzasy. Azatlyk Radiosy onuň bilen söhbetdeşlikde Obamanyň şu geçen bir ýylyna nähili baha berýändigini sorady.

«Synaglara döz gelendigi üçin men ondan gaty razy. Men üç sany respublikan administrasiýasynda gulluk etdim. Meniň pikirimçe, Obama adatdan daşary garaşylmadyk synaglara döz gelmegi başardy» diýip, Kampbell aýtdy.

ABŞ-nyň ozalky prezidentlerinden Ronald Reýgen haçan-da özüniň prezidentliginiň bir ýyllygyny bellände, ýurduň ýarysynyň goldawyny gazanypdy.
XS
SM
MD
LG