Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Gara ýanwardan” 20 ýyl geçdi, emma azatlyk ýok


Sowet tanklary Bakuda, ýanwar, 1990-njy ýyl.
Sowet tanklary Bakuda, ýanwar, 1990-njy ýyl.

20 ýyl mundan ozal, 1990-njy ýylyň 20-nji ýanwarynda sowet goşuny Bakuwa hüjüm etdi. Kreml şol wagt kommunistik režimi halas etmäge hem azerileriň garaşsyzlyk ugrundaky göreşini basyp ýatyrmaga synanyşýardy.

Birnäçe günüň dowamynda 26 müň esgerden ybarat gyzyl goşun protestleri basyp ýatyrmak üçin adamlary oka tutdular. Şonda 200-den gowrak adam ölüp, bärkisi 700 adam hem ýaralandy.

Moskwa Bakuwda bir ýyldan gowrak wagta çeken adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi. «Halk fronty» toparynyň müňlerçe agzasy tyssag edildi, olary türmä basdylar hem gynadylar. 1989-njy ýylyň 9-njy aprelinde gyzyl goşun Tbilisini gana çaýkandan soňra Bakuwda-da şeýle wakanyň boljagny hiç kim oýlamandy.

Bakuwdaky ganly wakadan soňra, däbe görä, şehitleriň kyrky bellenilip, köpçülikleýin iş taşlaýyş akty amala aşyrylypdy.

«1990-njy ýylyň 19-njy martyna niýetlenen saýlawlarda Azerbaýjanyň Halk frontunyň ýeňiş gazanmazlygy üçin biz olary ýok etdik» diýip, Sowet Soýuzynyň şol wagtky goranmak ministri Dmitriý Ýazow Bakuwa geçirilen hüjüme düşündiriş beripdi.

Sowet Soýuzynyň şol wagtky prezidenti M.Gorbaçow-da bu hüjümi goldap çykyş etdi we yslamçy fundamentalistleriň Azerbaýjanda oranşmak howpunyň öňüni almak üçin şeýle hüjümiň amala aşyrylandygyny öňe sürüpdi.

Sowetleriň bu hüjümi hiç zady üýtgetmedi, dogry, gyzyl goşun ýüzlerçe adamynyň ölümine hem ýaralanmagyna sebäp boldy, ýöne 20 aý soňra Azerbaýjan öz döwlet garaşsyzlygyny jar etdi we kommunistik režimiň soňuna çykyldy.

Arzuw heniz hasyl bolmady

Häzir Azerbaýjanyň öz goşuny we milli puly bar, ol regionda energiýa we howpsuzlyk meselelerinde möhüm rol oýnap gelýär. Garaşsyzlyk gazanyldy, ýöne azatlyk elýeterden uzakda, Sowet tanklaryna garşy çykan adamlar, indi azatlygy talap edip, köçä çykýarlar.

Azatlyk öýi “Freedom House” bolsa bu gün Azerbaýjana «Azat däl» diýip, baha berdi. Hökümete degişli bolmadyk gurmalar bolsa demokratik institutlaryň, erkin medianyň we garaşsyz suduň ýeterlik derjede ýokdugyny tankyt edýärler. Halkara transparansy bolsa hökümetde uly möçberde korrupsiýanyň bardygyny mälim etdi.

Awtoritar döwletlere garanyňda azat döwletler has güýçli, sebäbi olar halka hasabat berýärler we halkyň razyçylygy esasynda iş alyp barýarlar. Sowet tanklarynyň kommunistik düzgüni saklap bilmändigini, Baku unutmaly däl.

1990-njy ýyldaky hüjümde ýerli telewideniýe bir hepdeläp ýapyldy, diňe azeri dilinde gepleşik berýän Azatlyk Radiosy yzygiderli habar berip durdy.

Azerbaýjan öz taryhynda iň möhüm günlerini başdan geçirýärdi, Azerbaýjanlylar garaşsyzlyk ugrunda göreşýärdiler, ýöne esasy mesele – olaryň azatlyk ugrundaky talaplary henizem öz aktuallygyny saklap gelýär. Sebäbi Azerbaýjan demokratik döwlete öwrülmedi we azatlyk ugrunda pida bolanlaryň arzuwy heniz hasyl bolmady.

Kenan Aliýew RFE/RL-niň Azeri gullugynyň direktory. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG