Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde wideo çykyşlaryny internete ýerleşdiren ofiser tussag edildi


Orsýetiň hukuk goraýjy organlaryndaky korrupsiýa problemasy barada öz wideo çykyşlaryny internete ýerleşdirip, halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni bu problema çeken ozalky milisiýa ofiserini şu gün ýurduň häkimiýetleri tüssag etdiler.

Ýerli prokuratura bölümi milisiýanyň ozalky maýory Alekseý Dymowskiniň maliýe galplyklarynda we wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanýandygyny mälim etdi. Dymowskiniň özi bu aýyplamalaryň özüne garşy ýörite toslanandygyny aýdýar.

Geçen ýylyň noýabrynda Alekseý Dymowskiý Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putini ýurduň Noworossiýsk şäherindäki korrrupsiýa garşy göreşmeklige çagyryp, internete ýörite wideo ýazgylary ýerleşdiripdi.

Bu wideo ýazgylarda ol hukuk goraýjy işgärleriň bigünä adamlary tüssag etmäge we olaryň etmedik jenaýatlaryny boýnuna goýmaga mejbur edilýändikleri ýaly problemalar barada-da gürläpdi.
XS
SM
MD
LG