Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton Hytaýdaky Google meselesine ünsi çekdi


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Pekinden Google’yň Hytaýda öz işini bes etmek bilen duýduryş bermegine getiren ýagdaýy düýpli hem aç-açan derňemegi talap etdi.

Hanym Klinton «Google bilen bagly soňky ýagdaýlar köpleriň ünsüni özüne çekdi. Hytaý häkimiýetleri Google’yň bu pozisiýasyna sebäp bolan ýagdaýy, ýagny özleriniň internete garşy girizen çärelerini gaýtadan gözden geçirmegine hem bu baradaky derňewiň netijesiniň aç-açan bolmagyna garaşýarys» diýdi.

Hytaýda komputer bilen iş salyşýanlar tarapyndan öz programmasyna hüjüm edilendigini we munuň arkasynda Pekin häkimiýetleriniň bardygyny subut etmegiň kyn däldigini Google’a habar beripdirler. Netijede Google ýurtda senzura boýunça höküm sürýän kanunlar zerarly Hytaýda öz işini bes edip biljekdigini aýdyp, haýbat atdy.

Hytaýyň “Sinhua” habar agentligi 21-nji ýanwarda ýurduň, Daşary işler ministriniň orunbasary He Yafei-ýe salgylanyp, «Öz hökümetiniň Google bilen aradaky dürli garaýşynyň diňe hökümet syýasatyndan, şol sanda Google’yň senzura garşy aýak diremeginden gözbaş alýandygyny we Google’yň Hytaýyň kanunlaryna boýun bolmalydygyny” mälim etdi. Yafeiň sözlerine görä, bu kynçylygyň Hytaý bilen ABŞ-nyň gatnaşyklaryna dahyly ýokmuş.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti bolsa ýakyn wagtda Google meselesine degişli bir resmi şikaýatyň taýýarlanjagyny aýan etdi.

Waşingtondaky çykyşynda Klinton Özbegistanda, Tunisde, Müsürde, Wýetnamda, şonuň ýaly-da Hytaýda internete senzura girizmek baradaky çäreleriň artýandygyna-da ünsi çekdi. Ol ady agzalan ýurtalryň hökümetleriniň ýolbaşçylary, aýratyn-da Hytaý häkimiýetleri, izolirlenmek bilen özlerine zyýan ýetirýändiklerine düşünmeli diýdi.

«Häzir Hytaýda internet uly ösüşiň çeşmesine öwrüldi we ol diýseň geň galdyryjy. Häzir Hytaýda köp adamlar internetden peýdalanýarlar, ýöne informasiýanyň erkin elýeterligine çäklendirme girizýän ýurtlar ýa-da internet ulanyjylaryň esasy hukugyny bozýanlar, geljek döwrüň ösüş-özgerişlikleri bilen öz arasynda diwar çekmek töwekgelçiligine baş urýandyklaryny bilmelidirler» diýip, ABŞ-nyň Döwlet sekretary H.Klinton nygtady.

Hytaýyň internet kanuny boýunça 1989-njy ýyldaky Tian-än-Men meýdanyndaky waka barada maglumat edinmek ýa-da Tibete köpräk awtonomiýa talap etmäge çagyryş etmek baradaky gadagançylyklar öz güýjünde galýar.
XS
SM
MD
LG