Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýda bikanun geologiýa bilen meşgullanan 7 adam heläk boldy


Mongoliýa bilen serhetden uzak bolmadyk daglarda bikanun geologiýa işleri bilen meşgullanan 6 erkegiň we bir aýalyň sowukda doňup ölendigini Hytaý häkimietleri tassyklady.

“Sinhua” agentliginiň maglumatyna görä, şol topardan 14 adam ýakynda halas edilipdir. Olardan ikisi gar inmesiniň aşagyndan çykyp, kömege çagyrmaga ýetişipdir.

23 adamdan ybarat topar 13-nji ýanwarda iki metr galyňlykdaky garyň aşagynda galypdyr.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG